9k+

Jeki Çan Gazagystanda “Hudaýyň sowudy” franşizasynyň täze bölümini düşürer

Meşhur hytaýly aktýor Jeki Çan Gazagystanda “Hudaýyň sowudy” (Доспехи Бога) franşizasynyň dördünji bölümini düşürer. Bu barada Gazagystanyň Salem Entertainment studiýasy öz Instagram sahypasynda habar berdi. “Biz Jeki Çanyň Alma-Ata sapary [sentýabryň ahyry] barada resmi taýdan maglumat berýäris...

2.7k+

“Doga 4” taryhda iň köp girdeji gazanan üçünji horror filmi boldy

“Doga: Soňky dessurlar” (Заклятие: Последний обряд) filmi dünýä prokatynda haýran galdyryjy üstünlik gazanyp, franşizada iň girdejili bölüm boldy. Tomaşaçylary Eda bilen Lorreýn Uorrenleriň hekaýatynyň soňuny görkezmek wadasy özüne çekdi...

3.6k+

“Ahyrky nokat 7” režissýoryny tapdy

Warner Bros. we New Line “Ahyrky nokat” horrorynyň ýedinji bölümi üçin režissýor saýladylar. Filmi “Gijeki ogry” atly filmi bilen tanalýan belgiýaly režissýor Mihil Blanşar goýar diýip, Deadline neşiri habar berýär...

3.1k+

“Ümsüm ýer-3” filminiň çykmagy 2027-nji ýylyň 30-njy iýulyna süýşürildi

“Ümsüm ýer-3” horror filminiň relizi 2027-nji ýylyň 9-njy iýulyndan 30-njy iýulyna süýşürildi. Bu barada Deadline habar berýär. Täze senede filmiň entek prokatda bäsdeşi ýok. Jon Krasinki franşiza režissýor, ssenariçi we prodýuser hökmünde gaýdyp gelýär, ýöne sýužet we aktýorlar düzümi entek gizlin saklanýar...

11k+

Boksçy "Şazada" Nasim baradaky filmiň treýleri çykdy

Internetde meşhur iňlis-ýemen boksçysy "Şazada" Nasim Hamed hakyndaky "Äpet" atly sport dramasynyň treýleri ýaýradyldy. Film oktýabr aýynda 2025-nji ýylda geçiriljek BFI London film festiwalynda görkeziler. Filmde Amir El-Masri we Pirs Brosnan çykyş edýär...

20k+

Şah Ruh Han milliarder bolan ilkinji Bolliwudly ýyldyz boldy

Şah Ruh Han dollar milliarderleriniň sanawyna girizilen ilkinji Bolliwudly aktýor boldy. Onuň arassa baýlygy 1,4 milliard dollar hasap edilýär diýip, Hindistanyň iň baý adamlarynyň her ýyl düzülýän Hurun India Rich List 2025 sanawyna salgylanýan BBC habar berýär...

1.7k+

Täze “Supermen” filmine HBO Max-da 13 million gezek tomaşa edildi

Variety neşiriniň habar bermegine görä, Jeýms Gannyň täze “Supermen” filmi HBO Max akym hyzmatynda oňyn netijeleri görkezýär. Çykarylandan bäri 10 günüň içinde oňa 13 million gezek tomaşa edildi, bu “Barbi” geçen ýyl akym hyzmatyna çykaly bäri iň gowy netije boldy...

3.1k+

Guççiniň maşgalasy barada täze serial surata düşüriler

Italiýanyň Sky telekompaniýasy Guççiniň maşgalasy barada serialyň taýýarlanýandygyny habar berdi. “Guççi: Oýun gutardy” (“Гуччи: Игра окончена”) atly alty bölümli taslamanyň surata düşürilişi 2026-njy ýylyň ýazynda başlanar diýip, Variety habar berýär...

3.1k+

San-Sebastýandaky kinofestiwalyň ýeňijileri yglan edildi

Ispaniýanyň San-Sebastýan şäherinde 73-nji halkara kinofestiwaly tamamlandy. Baş baýragy – “Altyn balykgulagy” ispaniýaly režissýor Alauda Ruis de Asuanyň “Ýekşenbe günleri” (Los domingos) dramasy aldy. Bu barada Deadline neşiri habar berýär...

4.8k+

Jeýms Kemeronyň “Awatar: Ot we kül” filminiň täze treýleri çykdy

Resmi Avatar YouTube kanalynda Jeýms Kemeronyň “Awatar: Ot we kül” filminiň ikinji treýleri peýda boldy. Franşizanyň üçünji bölüminiň premýerasy 19-njy dekabra meýilleşdirilýär. Täze bölümde tomaşaçylar ilkinji gezek Kül obasyny – Mangkwan urugynyň öýüni görer...

3.2k+

“Doga 4” 2025-nji ýylyň iň köp girdeji gazanan horror filmi boldy

“Doga 4: Soňky dessurlar” (Заклятие 4: Последний обряд) filmi 2025-nji ýylyň iň girdejili horrory boldy. MovieWeb portalynyň maglumatlaryna görä, ol üç uikendiň dowamynda prokatda 400 mln dollar ýygnady we öz kassa ýygymyny artdyrmagy dowam edýär...

2.4k+

Deni Wilnýow 2026-njy ýylda täze “Jeýms Bondy” gözläp başlar

Kanadaly režissýor Deni Wilnýow indiki ýyl çykjak “Dýunanyň” üçünji bölüminiň üstündäki işleri tamamlandan soň, Jeýms Bonduň keşbi üçin täze aktýor gözläp başlar. Deadline-yň maglumatlaryna görä, döredijiler täze hekaýatda içalynyň keşbi üçin “täze ýüz” gözleýär...

2.3k+

“Zalym: Baky” fentezi-mýuzikliniň ahyrky treýleri çykdy

Universal studiýasy “Zalym: Baky” (Злая: Навсегда) mýuzikliniň ahyrky treýlerini görkezdi. Film geçen ýylky “Günbataryň jadygöýi barada ertekiniň” (Сказка о ведьме Запада) dowamy bolar we 21-nji noýabrda halkara prokata çykar...

2.3k+

“Angry Birds 3 kinoda” 2026-njy ýylyň 23-nji dekabrynda çykar. Ses bermäge MrBeast gatnaşar

Paramount “Angry Birds 3 kinoda” multfilminiň ilkibaşda meýilleşdirilenden ir – 2026-njy ýylyň 23-nji dekabrynda çykjakdygyny habar berdi. Ozal premýera 2027-nji ýylyň 29-njy ýanwaryna meýilleşdirilipdi. Möhleti üýtgetmek bilen döredijiler mekdep okuwçylarynyň Täze ýyl mynasybetli dynç alyş günlerinde multfilme tomaşa etmegine mümkinçilik bermek isleýär...

4.8k+

Tankytçylar Di Kaprionyň gatnaşmagynda çykan “Bir söweşden soň beýleki” filmine ýokary baha berdi

26-njy sentýabrda režissýor Pol Tomas Andersonyň baş keşbi Leonardo Di Kaprionyň ýerine ýetirmeginde çykan “Bir söweşden soň beýleki” (Битва за битвой) drama trilleriniň premýerasy boldy. Köpçülige ýaýramazdan ozal film tankytçylara görkezildi we ýokary bahalara eýe boldy: Rotten Tomatoes platformasynda 68 synyň esasynda 97% we Metacritic-de 33 synyň esasynda 100-den 96 bal...

5.4k+

Şalame Golliwudda iň köp hak alan ýaş aktýor boldy

Aktýor Timoti Şalame High Side (“Beýik tarap”) jenaýat trillerine gatnaşandygy üçin hak ujy hökmünde 25 mln dollar alar. Bu barada The New York Times gazeti ýazýar. Şeýle mukdar 29 ýaşly Şalameni Golliwudda iň köp hak alan ýaş aktýora öwürýär...

1.3k+

Ýazyjy-ertekiçi Hans Kristian Andersen barada detektiw serial düşüriler

Tanymal daniýaly ýazyjy-ertekiçi Hans Kristian Andersen “Ertekiçi detektiw” serialynyň baş gahrymany bolar. Bu barada Variety neşiri habar berýär. “Betnyşan ördejik” we “Külbikejik” ertekileriniň awtorynyň keşbini aktýor Dugreý Skott ýerine ýetirer...

2.9k+

“Emmi” baýragynyň gowşurylyş dabarasyna 7,4 mln adam tomaşa etdi

CBS kanalynda 77-nji “Emmi” telewizion baýragynyň gowşurylyş dabarasynyň ýaýlymyna 7,4 mln adam tomaşa etdi. Bu ABC-de ýaýlyma berlen geçen ýylky dabara bilen deňeşdirilende 8% köpdür. Şol wagt ol 2021-nji ýyldan bäri iň meşhur dabara bolupdy diýip, Variety ýazýar...