«Ýedi patyşalygyň rysary» serialy ilkinji üç günde 6,7 million gezek görüldi

  • 25.01.2026 17:53
  • 2.8k+

«Tagt oýunlarynyň» täze prikweli bolan «Ýedi patyşalygyň rysary» serialy ilkinji üç günde hemme platformalarda 6,7 million tomaşa gazandy. Serial eýýäm ikinji möwsüm üçin uzaldyldy. Bu barada Variety žurnalynda habar berilýär.
HBO-nyň maglumatyna görä, bu serial HBO Max striming hyzmatynyň taryhynda çykan badyna iň köp tomaşa edilen üç sany proýektleriň sanyna girdi.
Deňeşdirip aýtsak, «Emmi» baýragynyň eýesi bolan «Pitt» serialynyň birinji möwsümi ilkinji üç günde 5,4 million tomaşaçyny özüne çekipdi. «Senagatyň» («Индустрия») dördünji möwsümine şol döwürde 800,000 adam tomaşa etdi.
«Ýedi patyşalygyň rysary» Jorj R.R. Martiniň rysar Dunk we onuň ýarag göterijisi Egg baradaky powest esasynda döredildi. Serialda baş keşpleri Piter Kleffi we Dekster Sol Ansell janlandyrýarlar. Birinji möwsüm alty bölümden ybarat.
Serialyň awtorlary Jorj R.R. Martin we Aýro Parker onuň ýerine ýetiriji prodýuserleri hökmünde-de çykyş etdiler. Parker üstesine serialyň şouranneri hökmünde-de işledi. Proýekte Ouen Harris we Sara Adina Smit režissýorlyk etdiler.


11.06.2026 23:54
1.4k+

«Sosial toruň» dowamynyň treýleri hödürlendi: film «Facebook-yň» zyýanly täsirini görkezer

Sony kompaniýasy «Sosial tor» (The Social Network) filminiň dowamy bolan «Sosial hasaplaşyk» (The Social Reckoning) atly täze filmiň ilkinji treýlerini hödürledi. Bu film «The Wall Street Journal» neşiriniň......

10.06.2026 07:46
1.4k+

Netflix-iň «Skubi-Du» serialynyň ilkinji tizeri çykdy

Netflix onlaýn kinoteatry «Skubi-Du: Başlangyç» (Scooby-Doo: The Beginning) serialynyň ilkinji resmi tizerini tanyşdyrdy. Wideo YouTube platformasynda ýerleşdirildi....

09.06.2026 12:24
1.2k+

80-nji Kann kinofestiwalynyň geçiriljek senesi yglan edildi

Guramaçylar 80-nji Kann kinofestiwalynyň geçiriljek senesini yglan etdiler. Dünýäniň iň uly kino forumlarynyň biri 2027-nji ýylyň 11-22-nji maýy aralygynda Gök Kenarda geçiriler....

09.06.2026 08:41
1.6k+

"Super Mario: Galaktiki kino" 2026-njy ýylda 1 milliard dollardan gowrak girdeji gazanan ilkinji film boldy

«Super Mario: Galaktiki kino» multfilmi dünýä prokatynda 1 milliard dollardan gowrak girdeji gazanyp, bu sepgide ýeten 2026-njy ýylyň ilkinji filmi boldy....