Stiwen Spilberg «Iň gowy sazly film» ugrunda «Grammy» baýragynyň eýesi boldy

  • 02.02.2026 12:10
  • 826

Amerikaly meşhur režissýor Stiwen Spilberg «Iň gowy sazly film» diýen ugurda «Grammy» baýragyna mynasyp boldy. Baýraklaryň gowşuryş dabarasy öten agşam Los-Anjeles şäherinde geçirildi.
Spilberg bu baýragy «Jon Wilýamsyň sazy» («Музыка Джона Уильямса») atly dokumental filmiň prodýuseri hökmünde gazandy. Bu film dünýä belli kompozitor we dirižýor Jon Wilýamsyň ömri we döredijiligi barada gürrüň berýär. 
Jon Wilýams Spilbergiň öz düşüren «Şindleriň sanawy» («Список Шиндлера»), «Ýura döwrüniň seýilgähi» («Парк Юрского периода»,), «Hatarçy Raýany halas etmek» («Спасти рядового Райана»), «Dünýäleriň urşy» («Война миров») atly  filmleriniň, şeýle hem  «Garri Potter» we «Ýyldyzlar urşy» («Звездные войны») ýaly meşhur kinolaryň sazyny döretdi.
The Hollywood Reporter neşiriniň ýazmagyna görä, bu täze baýraga eýe bolmagy Spilbergi «EGOT» diýlip atlandyrylýan sanawdaky şahsyýetleriň sanawyna goşdy. Bu sanawa dünýäniň iň abraýly dört baýragy— «Emmi», «Grammy», «Oskar» we «Toni» baýraklaryna eýe bolan adamlar girýär.
Režissýor dabarada eden çykyşynda: «Bu ykrar edilme meniň üçin örän uly ähmiýete eýedir. Sebäbi Jon Wilýamsyň medeniýete we saza ýetiren täsiriniň ölçegsizdigini, onuň ussatlygynyň bolsa hiç zat bilen deňleşip bilmejekdigini men eýýäm 50 ýyldan gowrak wagt bäri bilýärin» diýip, tolgunma bilen belledi. 

 


11.06.2026 23:54
1.3k+

«Sosial toruň» dowamynyň treýleri hödürlendi: film «Facebook-yň» zyýanly täsirini görkezer

Sony kompaniýasy «Sosial tor» (The Social Network) filminiň dowamy bolan «Sosial hasaplaşyk» (The Social Reckoning) atly täze filmiň ilkinji treýlerini hödürledi. Bu film «The Wall Street Journal» neşiriniň......

10.06.2026 07:46
1.4k+

Netflix-iň «Skubi-Du» serialynyň ilkinji tizeri çykdy

Netflix onlaýn kinoteatry «Skubi-Du: Başlangyç» (Scooby-Doo: The Beginning) serialynyň ilkinji resmi tizerini tanyşdyrdy. Wideo YouTube platformasynda ýerleşdirildi....

09.06.2026 12:24
1.2k+

80-nji Kann kinofestiwalynyň geçiriljek senesi yglan edildi

Guramaçylar 80-nji Kann kinofestiwalynyň geçiriljek senesini yglan etdiler. Dünýäniň iň uly kino forumlarynyň biri 2027-nji ýylyň 11-22-nji maýy aralygynda Gök Kenarda geçiriler....

09.06.2026 08:41
1.6k+

"Super Mario: Galaktiki kino" 2026-njy ýylda 1 milliard dollardan gowrak girdeji gazanan ilkinji film boldy

«Super Mario: Galaktiki kino» multfilmi dünýä prokatynda 1 milliard dollardan gowrak girdeji gazanyp, bu sepgide ýeten 2026-njy ýylyň ilkinji filmi boldy....