«Super Mario: Galaktika kinosy» multfilminiň uly treýleri çykdy

  • 26.01.2026 10:18
  • 1.2k+

Nintendo kompaniýasy «Super Mario: Galaktika kinosy» («Супер Марио: Галактическое кино») multfilminiň uly treýlerini tanyşdyrdy. Doganlar Mario we Luijiniň täze başdangeçirmeleri baradaky bu animasion filmiň dowamynyň ilkinji görkezilişi 1-nji aprelde bolar.

Täze bölümde gahrymanlara «elhenç» synaglar garaşýar.
Multfilmiň sýužeti boýunça Mario we onuň dostlary Bowzer-kiçi bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar. Ol öz kakasyny azat etmegi we bütin şalygy öz golastyna almagy maksat edinýär.
Treýlerde Mario äleminiň iň meşhur gahrymanlarynyň biri bolan Ýoşi ilkinji gezek görkezildi.
Baş gahrymanlaryň seslerini ýene-de öňki filmde işlän aktýorlar ýerine ýetirdiler: Kris Pratt — Mario; Jek Blek — Bowzer; Anýa Teýlor-Joý — Şazada Piç. Şeýle hem Bri Larson — Rozalinanyň, Benni Sefdi bolsa Bowzer-kiçiniň keşbine ses berdi.


11.06.2026 23:54
1.3k+

«Sosial toruň» dowamynyň treýleri hödürlendi: film «Facebook-yň» zyýanly täsirini görkezer

Sony kompaniýasy «Sosial tor» (The Social Network) filminiň dowamy bolan «Sosial hasaplaşyk» (The Social Reckoning) atly täze filmiň ilkinji treýlerini hödürledi. Bu film «The Wall Street Journal» neşiriniň......

10.06.2026 07:46
1.4k+

Netflix-iň «Skubi-Du» serialynyň ilkinji tizeri çykdy

Netflix onlaýn kinoteatry «Skubi-Du: Başlangyç» (Scooby-Doo: The Beginning) serialynyň ilkinji resmi tizerini tanyşdyrdy. Wideo YouTube platformasynda ýerleşdirildi....

09.06.2026 12:24
1.2k+

80-nji Kann kinofestiwalynyň geçiriljek senesi yglan edildi

Guramaçylar 80-nji Kann kinofestiwalynyň geçiriljek senesini yglan etdiler. Dünýäniň iň uly kino forumlarynyň biri 2027-nji ýylyň 11-22-nji maýy aralygynda Gök Kenarda geçiriler....

09.06.2026 08:41
1.6k+

"Super Mario: Galaktiki kino" 2026-njy ýylda 1 milliard dollardan gowrak girdeji gazanan ilkinji film boldy

«Super Mario: Galaktiki kino» multfilmi dünýä prokatynda 1 milliard dollardan gowrak girdeji gazanyp, bu sepgide ýeten 2026-njy ýylyň ilkinji filmi boldy....