Jonni Deppi tanar ýaly bolmandyr: «Ebenezer: Roždestwo aýdymy» filminiň ilkinji kadrlary

  • 03.02.2026 14:15
  • 6.5k+

62 ýaşly Jonni Depp Londonda Çarlz Dikkensiň nusgawy powestiniň täze ekranlaşdyrylmasy bolan «Roždestwo aýdymy» («Рождественская песнь») filminiň surata düşürilişinde göründi.

Aktýor «Ebenezer: Roždestwo aýdymy» diýlip atlandyrylan täze filmde Ebenezer Skrujyň keşbini ýerine ýetirýär. Depp surata düşürilýän meýdançada egni pižamaly hem uzyn paltoly, çal saçly kellesi ýataňda geýilýän sopbaçly, ýüzi-de tanap bolmajak derejedäki grimde peýda boldy.  
Kadra şeýle hem Keramat ruhunyň keşbini döredýän Andrea Raýzboro hem düşdi. Bu rol üçin aktrisa agaran  saç hem ak linzalar arkaly çylşyrymly grim edilipdir.

Filme «X», «Perl» («Пэрл») we «Maksin XXX» («Максин XXX») horror-trilogiýasy bilen tanalýan Taý West režissýor bellenen. Aktýorlar düzümine şeýle hem Ien Makkelen, Rupert Grint, Deýzi Ridli, Sem Klaflin we Tramell Tillman girýär. Önümçilik bilen Paramount Pictures studiýasy meşgullanýar.
Filmiň premýerasy 2026-njy ýylyň 13-nji noýabryna meýilleşdirilýär.
Bu film Jonni Deppiň soňky alty ýyldaky ilkinji uly golliwud keşbi bolar. Aktýoryň iň soňky uly göwrümli işleri «Fantastiki jandarlar: Grindewaldyň jenaýatlary» («Фантастические твари: Преступления Грин-де-Вальда», 2018) we «Wagşylara sadylla» («В ожидании варваров», 2019) filmleri bolupdy.
Öňki aýaly Ember Herd bilen 2022-nji ýylda tamamlanan we amerikan jemgyýetinde uly gopgun turzan kazyýet işinden soň, aktýor esasan awtorlyk kinolarynda, şol sanda «Žanna Dýubarri» («Жанна Дюбарри») we öz režissýorlyk eden «Modi: Üç gün diwanalyk ganatynda» («Моди: Три дня на крыльях безумия») filmlerinde surata düşüpdi.


11.06.2026 23:54
1.3k+

«Sosial toruň» dowamynyň treýleri hödürlendi: film «Facebook-yň» zyýanly täsirini görkezer

Sony kompaniýasy «Sosial tor» (The Social Network) filminiň dowamy bolan «Sosial hasaplaşyk» (The Social Reckoning) atly täze filmiň ilkinji treýlerini hödürledi. Bu film «The Wall Street Journal» neşiriniň......

10.06.2026 07:46
1.4k+

Netflix-iň «Skubi-Du» serialynyň ilkinji tizeri çykdy

Netflix onlaýn kinoteatry «Skubi-Du: Başlangyç» (Scooby-Doo: The Beginning) serialynyň ilkinji resmi tizerini tanyşdyrdy. Wideo YouTube platformasynda ýerleşdirildi....

09.06.2026 12:24
1.2k+

80-nji Kann kinofestiwalynyň geçiriljek senesi yglan edildi

Guramaçylar 80-nji Kann kinofestiwalynyň geçiriljek senesini yglan etdiler. Dünýäniň iň uly kino forumlarynyň biri 2027-nji ýylyň 11-22-nji maýy aralygynda Gök Kenarda geçiriler....

09.06.2026 08:41
1.6k+

"Super Mario: Galaktiki kino" 2026-njy ýylda 1 milliard dollardan gowrak girdeji gazanan ilkinji film boldy

«Super Mario: Galaktiki kino» multfilmi dünýä prokatynda 1 milliard dollardan gowrak girdeji gazanyp, bu sepgide ýeten 2026-njy ýylyň ilkinji filmi boldy....