«Ýeke özi öýde» filmindäki «Kewiniň ejesi» Ketrin O’Hara aradan çykdy

  • 31.01.2026 03:56
  • 15k+

«Ýeke özi öýde», «Bitljus» filmleriniň we «Şitts Krik» serialynyň ýyldyzy, aktrisa Ketrin O’Hara aradan çykdy. Bu barada Variety neşiri habar berýär.
71 ýaşan O’Haranyň ölümine nämäniň sebäp bolandygy entek açyk aýdylmaýar. 
Ketrin O’Hara 1954-nji ýylyň 4-nji martynda Kanadanyň Toronto şäherinde dünýä indi. Ol aktyorlyk karýerasyna 70-nji ýyllarda başlady. Ketrin ilki başda multfilmleri seslendirip, soňra kinolarda we seriallarda peýda bolup başlady.
1985-nji ýylda ol Martin Skorsezeniň «Işden soň», 1988-nji ýylda bolsa Tim Bertonyň «Bitljus» filminde surata düşdi. O’Hara iň uly meşhurlyga Kris Kolambusyň «Ýeke özi öýde» komediýasynyň ekrana çykmagyndan soň eýe boldy. Aktrisa bu filmde baş gahrymanyň ejesiniň keşbini janlandyrdy.
Soňra Ketrin «Ýabany Günbataryň rowaýatlary», «Geňleriň ýurdy», «Roždestwony başdan geçirmek» ýaly filmlerde hem görnükli rollary ýerine ýetirdi. Ol «Jüýjejigim, jüýje», «Tokaý doganlygy», «Frankenwini», «Ýabany robot» ýaly multfilmleriň gahrymanlaryny hem seslendirdi.
2024-nji ýylda O’Hara «Bitljus Bitljus» filminde Deliýanyň keşbine dolanyp geldi. 2025-nji ýylda ony Set Rogeniň «Kinostudiýa» serialynda görmegimiz hem ahmaldy. Bu roly üçin aktrisa şu ýylyň ýanwar aýynda ABŞ-nyň kinoaktyorlarynyň Gildiýa baýragyna dalaşgär görkezilipdi.


11.06.2026 23:54
1.3k+

«Sosial toruň» dowamynyň treýleri hödürlendi: film «Facebook-yň» zyýanly täsirini görkezer

Sony kompaniýasy «Sosial tor» (The Social Network) filminiň dowamy bolan «Sosial hasaplaşyk» (The Social Reckoning) atly täze filmiň ilkinji treýlerini hödürledi. Bu film «The Wall Street Journal» neşiriniň......

10.06.2026 07:46
1.4k+

Netflix-iň «Skubi-Du» serialynyň ilkinji tizeri çykdy

Netflix onlaýn kinoteatry «Skubi-Du: Başlangyç» (Scooby-Doo: The Beginning) serialynyň ilkinji resmi tizerini tanyşdyrdy. Wideo YouTube platformasynda ýerleşdirildi....

09.06.2026 12:24
1.2k+

80-nji Kann kinofestiwalynyň geçiriljek senesi yglan edildi

Guramaçylar 80-nji Kann kinofestiwalynyň geçiriljek senesini yglan etdiler. Dünýäniň iň uly kino forumlarynyň biri 2027-nji ýylyň 11-22-nji maýy aralygynda Gök Kenarda geçiriler....

09.06.2026 08:41
1.6k+

"Super Mario: Galaktiki kino" 2026-njy ýylda 1 milliard dollardan gowrak girdeji gazanan ilkinji film boldy

«Super Mario: Galaktiki kino» multfilmi dünýä prokatynda 1 milliard dollardan gowrak girdeji gazanyp, bu sepgide ýeten 2026-njy ýylyň ilkinji filmi boldy....