Netflix 2025-nji ýylyň ikinji ýarymynyň iň meşhur film we seriallaryny mälim etdi

  • 27.01.2026 07:16
  • 3.4k+

Netflix platformasy 2025-nji ýylyň iýul-dekabr aýlary aralygynda iň köp tomaşa edilen film we seriallaryň reýtingini çap etdi. Bu sanawda uly gyzyklanma döreden premýeralar bilen bir hatarda, köpçüligiň ünsünden düşen käbir kinolar hem orun aldy.
Sanawyň iň ýokary basgançagyna «Keý-pop melgun awçylary» («Кей-поп-охотницы на демонов») atly sazly fantastik multfilm göterildi. Bu ekran eseri gündizlerine sahnada çykyş edýän, gijelerine bolsa birehim monstrlar bilen gizlin göreş alyp barýan keý-pop toparynyň üç gyzy barada gürrüň berýär.
Seriallaryň arasynda iň köp tomaşa edilen bolsa «Uensdeý» boldy.
Iň köp tomaşa edilen 10 film:
1. «Keý-pop melgun awçylary» («Кей-поп-охотницы на демонов»)— 482 million gezek.
2. «Bagtly Gilmor — 2» («Счастливчик Гилмор — 2» ) — 135 million gezek.
3. «Frankenşteýn» («Франкенштейн») — 98 million gezek.
4.  «Oksforddaky bir ýylym» («Мой год в Оксфорде») — 86 million gezek.
5. «Ölmez-ýitmez gwardiýa — 2» («Бессмертная гвардия — 2») — 82 million gezek.
6. «10-njy kaýutadaky gyz» («Девушка из каюты №10») — 80 million gezek.
7. «Dinamitli öý» («Дом из динамита»)  — 76 million gezek.
8. «Penşenbe günleriniň ganhorlygy kluby» («Клуб убийств по четвергам») — 69 million gezek.
9. «Kerpiç» («Кирпич») — 67 million gezek.
10. «Bütindünýä tupany» («Всемирный потоп») — 66 million gezek.

Iň köp tomaşa edilen 10 serial:
1. «Uensdeý», 2-nji möwsüm — 124 million gezek.
2. «Gaty geň zatlar» («Очень странные дела»), 5-nji möwsüm — 94 million gezek.
3. «Çölde» («В глуши») — 93 million gezek.
4. «Kalmar oýny» («Игра в кальмара»), 3-nji möwsüm — 79 million gezek.
5. «Gaty geň zatlar», 1-nji möwsüm — 57 million gezek.
6. «Nägehanlar» («Монстры»), 3-nji möwsüm — 56 million gezek.
7. «Şon Kombs: Hasaplaşyk pursady» («Шон Комбс: время расплаты»)  — 51 million gezek.
8. «Uensdeý», 1-nji möwsüm — 47 million gezek.
9. «Miss Reýçel» («Мисс Рэйчел»)  — 47 million gezek.
10. «Gaty geň zatlar», 2-nji möwsüm — 45 million gezek.


11.06.2026 23:54
1.3k+

«Sosial toruň» dowamynyň treýleri hödürlendi: film «Facebook-yň» zyýanly täsirini görkezer

Sony kompaniýasy «Sosial tor» (The Social Network) filminiň dowamy bolan «Sosial hasaplaşyk» (The Social Reckoning) atly täze filmiň ilkinji treýlerini hödürledi. Bu film «The Wall Street Journal» neşiriniň......

10.06.2026 07:46
1.4k+

Netflix-iň «Skubi-Du» serialynyň ilkinji tizeri çykdy

Netflix onlaýn kinoteatry «Skubi-Du: Başlangyç» (Scooby-Doo: The Beginning) serialynyň ilkinji resmi tizerini tanyşdyrdy. Wideo YouTube platformasynda ýerleşdirildi....

09.06.2026 12:24
1.2k+

80-nji Kann kinofestiwalynyň geçiriljek senesi yglan edildi

Guramaçylar 80-nji Kann kinofestiwalynyň geçiriljek senesini yglan etdiler. Dünýäniň iň uly kino forumlarynyň biri 2027-nji ýylyň 11-22-nji maýy aralygynda Gök Kenarda geçiriler....

09.06.2026 08:41
1.6k+

"Super Mario: Galaktiki kino" 2026-njy ýylda 1 milliard dollardan gowrak girdeji gazanan ilkinji film boldy

«Super Mario: Galaktiki kino» multfilmi dünýä prokatynda 1 milliard dollardan gowrak girdeji gazanyp, bu sepgide ýeten 2026-njy ýylyň ilkinji filmi boldy....