«Kagyz öýüň» spin-offy bolan «Berlin we samyrly hanym» serialynyň tizeri çykdy

  • 31.01.2026 13:06
  • 2.2k+

Netflix-iň YouTube kanalynda «Berlin we samyrly hanym» (Берлин и дама с горностаем) serialynyň tizeri ýerleşdirildi. Bu taslama ozal «Kagyz öý» (Бумажный дом) serialynyň prikweli hökmünde çykan «Berlin» serialynyň dowamydyr. Premýera 15-nji maýda Netflix striming hyzmatynda bolar.
Serial sekiz bölümden ybarat. Wakalar Sewilýada bolup geçýär. Sýužete görä, Berlin we Damian Leonardo da Winçiniň «Samyrly hanym» (Dama con l'ermellino) eserini ogurlamak üçin ýene topar ýygnaýar. Ýöne gahrymanlaryň asyl maksady Berlini gorkuzmaga synanyşýan Malaganyň gersogy we onuň aýaly bolýar.
Taslama Pedro Alonso, Mişel Jenner, Tristan Ulloa, Begonýa Wargas, Hulio Penýa Fernandes, Hoel Sançes, Inma Kuesta, Hose Luis Garsia-Peres we Marta Nýeto gatnaşdy.
Serialyň awtorlary hökmünde Aleks Pina we Ester Martines Lobato çykyş etdi. Olar taslamanyň üstünde Dewid Barrokall, Lorena J. Maldonado, Isiar Sanhuan, Umberto Ortega we Luis Garrido Hulwe bilen bilelikde işledi. Režissýorlar Albert Pinto, Barrokall we Hose Manuel Krawioto boldy. Önümçilik bilen Vancouver Media kompaniýasy meşgullandy.


11.06.2026 23:54
1.3k+

«Sosial toruň» dowamynyň treýleri hödürlendi: film «Facebook-yň» zyýanly täsirini görkezer

Sony kompaniýasy «Sosial tor» (The Social Network) filminiň dowamy bolan «Sosial hasaplaşyk» (The Social Reckoning) atly täze filmiň ilkinji treýlerini hödürledi. Bu film «The Wall Street Journal» neşiriniň......

10.06.2026 07:46
1.4k+

Netflix-iň «Skubi-Du» serialynyň ilkinji tizeri çykdy

Netflix onlaýn kinoteatry «Skubi-Du: Başlangyç» (Scooby-Doo: The Beginning) serialynyň ilkinji resmi tizerini tanyşdyrdy. Wideo YouTube platformasynda ýerleşdirildi....

09.06.2026 12:24
1.2k+

80-nji Kann kinofestiwalynyň geçiriljek senesi yglan edildi

Guramaçylar 80-nji Kann kinofestiwalynyň geçiriljek senesini yglan etdiler. Dünýäniň iň uly kino forumlarynyň biri 2027-nji ýylyň 11-22-nji maýy aralygynda Gök Kenarda geçiriler....

09.06.2026 08:41
1.6k+

"Super Mario: Galaktiki kino" 2026-njy ýylda 1 milliard dollardan gowrak girdeji gazanan ilkinji film boldy

«Super Mario: Galaktiki kino» multfilmi dünýä prokatynda 1 milliard dollardan gowrak girdeji gazanyp, bu sepgide ýeten 2026-njy ýylyň ilkinji filmi boldy....