Collider öz ähmiýetini ýitirmeýän 10 sany ylmy-fantastik filmiň sanawyny düzdi

  • 29.01.2026 21:08
  • 4.5k+

Collider neşiri häzire çenli ähmiýetini ýitirmän gelýän 10 sany ylmy-fantastik filmiň sanawyny hödürledi.
Bilermenleriň bellemegine görä, gowy ylmy-fantastik filmler tomaşaçyny ýeňil galpyldyda saklaýar, toslanan dünýäniň ýönekeý düzgünlerini we ýyllar geçse-de könelmeýän pikirleri özünde jemleýär.
Bu ölçegler boýunça birinji orunda «Ýyldyz söweşleri. V bölüm: Imperiýa garşylykly zarba urýar» (Звёздные войны. Эпизод V: Империя наносит ответный удар, 1980) filmi ýerleşdi. Bu bölümde birnäçe sýužet ugurlary we garaşylmadyk pursatlar bar, ýöne film gutarnykly çözgüt bilen tamamlanmaýar. Söweş dowam edýär, gahrymanlar gaçgaklykda we täze söweşlere taýýarlanýar. Şunda esasy üns Dart Weýderiň keşbine berilýär.
Ikinji orny Stenli Kubrigiň «2001-nji ýyl: Kosmos odisseýasy» (2001 год: Космическая одиссея) filmi eýeledi. Bu film tomaşaçyny syrly dünýä oklaýar — ol taýýar jogaplary bermeýär, ýöne ýatdan çykmajak obrazlary we uzak wagtlap oýlanmaga mejbur edýän soraglary galdyrýar.
Öňdebaryjylaryň üçlügini Ridli Skottyň «Päki üstünde ylgaýan» (Бегущий по лезвию, 1982) filmi jemleýär. Redaktorlaryň pikirine görä, film öňünden çaklanan geljegiň tehnologiýalary we tomaşaçyny derrew özüne çekýän janly atmosferasy bilen häzirki wagtda-da ähmiýetli bolup galýar.
Dördünji orunda — «Keseki» (Чужой, 1979), bäşinji orunda— «Ýura eýýamynyň seýilgähi» (Парк Юрского периода, 1993) ýerleşdi. Şeýle-de, ilkinji onluga «Matrisa» (Матрица, 1999), «Päki üstünde ylgaýan 2049» (Бегущий по лезвию 2049, 2017), «Gelenler» (Прибытие, 2016), «Terminator» (Терминатор, 1984) we «9-njy etrap» (Район №9, 2009) ýaly filmler girdi.


11.06.2026 23:54
1.3k+

«Sosial toruň» dowamynyň treýleri hödürlendi: film «Facebook-yň» zyýanly täsirini görkezer

Sony kompaniýasy «Sosial tor» (The Social Network) filminiň dowamy bolan «Sosial hasaplaşyk» (The Social Reckoning) atly täze filmiň ilkinji treýlerini hödürledi. Bu film «The Wall Street Journal» neşiriniň......

10.06.2026 07:46
1.4k+

Netflix-iň «Skubi-Du» serialynyň ilkinji tizeri çykdy

Netflix onlaýn kinoteatry «Skubi-Du: Başlangyç» (Scooby-Doo: The Beginning) serialynyň ilkinji resmi tizerini tanyşdyrdy. Wideo YouTube platformasynda ýerleşdirildi....

09.06.2026 12:24
1.2k+

80-nji Kann kinofestiwalynyň geçiriljek senesi yglan edildi

Guramaçylar 80-nji Kann kinofestiwalynyň geçiriljek senesini yglan etdiler. Dünýäniň iň uly kino forumlarynyň biri 2027-nji ýylyň 11-22-nji maýy aralygynda Gök Kenarda geçiriler....

09.06.2026 08:41
1.6k+

"Super Mario: Galaktiki kino" 2026-njy ýylda 1 milliard dollardan gowrak girdeji gazanan ilkinji film boldy

«Super Mario: Galaktiki kino» multfilmi dünýä prokatynda 1 milliard dollardan gowrak girdeji gazanyp, bu sepgide ýeten 2026-njy ýylyň ilkinji filmi boldy....