Fornite oýnunda «Ofis» serialynyň gahrymanlary peýda boldy

  • 25.01.2026 21:28
  • 1.8k+

Fortnite oýnunda «Ofis» («The Office») komediýa serialy bilen bilelikdäki kollaborasiýa peýda boldy. Oýunçylar üçin sitkomdaky gahrymanlaryň keşpleri we ýörite oýun esbaplary elýeterli edildi.
Bilelikdäki taslama 24-nji ýanwarda başlandy. Şol gün Fortnite-iň resmi saýtynda we sosial ulgamynda «Ofis» serialy bilen baglanyşykly täze keşpler hem-de aksessuarlar tanyşdyryldy. Bu toplum diňe 31-nji ýanwara çenli elýeterli bolar.
Taslamanyň çäklerinde oýunçylar Maýkl Skottuň we Duaýt Şrutuň keşplerini satyn alyp bilerler. Şeýle-de oýunda serialyň stilinde bezelen we onuň  täsirli pursatlaryny ýatladýan esbaplar hem peýda boldy.

Toplum «Office Bundle» ady bilen hödürlenýär. Onuň bahasy takmynan 3 000 V-Bucks-a barabardyr (V-Bucks — bu Fortnite oýnunyň içindäki pul birligi bolup, ol oýnuň dükanyndan hakyky pul arkaly satyn alynýar).
Hyzmatdaşlyk Fortnite-iň «Chapter 7 Season 1» çäklerinde amala aşyrylýar. «Epic Games»  bu möwsümde oýna tematiki keşpleri goşmagy we meşhur filmler, seriallar hem-de beýleki tanalýan brendler bilen hyzmatdaşlyk etmegi dowam etdirýär.
Oýunlar üçin beýle hyzmatdaşlyk indi adaty zada öwrülip barýar. Ýakynda PUBG Mobile mobil oýny «Kesgir gaşlar» («Острые козырьки») teleserialy bilen şuňa meňzeş «oýun edipdi».


düýn 16:23
1.1k+

Sony Kratosyň aýaly Feýiň başdangeçirmeleri barada God of War Laufey oýnuny çykarar

Sony kompaniýasy God of War älemine degişli bolan täze God of War Laufey oýnuny resmi ýagdaýda yglan etdi. Bu täze taslamanyň baş gahrymany Kratosyň aýaly we Atreýiň ejesi Feý bolar. Oýun State of Play......

07.06.2026 11:02
10k+

UFC-niň öňki çempiony Aleks Pereýra öz güýjüni aktýor hökmünde synap gördi

Iki agram derejesinde UFC-niň öňki çempiony Aleks Pereýra ilkinji gezek doly metražly çeper filmde peýda bolar....

06.06.2026 20:43
3.2k+

«Buz eýýamy» gaýdyp gelýär: Multfilmiň altynjy bölüminiň ilkinji tizeri çykdy

Disney kompaniýasy «Buz eýýamy: Gaýnama nokady» (Ледниковый период: Точка кипения) animasiýa filminiň ilkinji tizerini görkezdi. Multfilmiň premýerasy 2027-nji ýylyň 5-nji fewralyna meýilleşdirildi....

06.06.2026 16:07
6.5k+

Aşgabatda «Tagiýew. Nebit» filmi görkezildi

Aşgabatda Azerbaýjan Respublikasynyň medeniýet günleriniň çäginde «Tagiýew. Nebit» çeper filminiň ilkinji görkezilişi boldy. Kinofilm «Aşgabat» kinoteatrynda köpçülige hödürlendi we iki ýurduň arasyndaky......