Apple TV «Tagtlar oýnuna» gaýra dur diýjek fantastik serialy wada berýär

  • 31.01.2026 10:53
  • 3.1k+

Apple TV telekompaniýasy HBO-nyň üstünligini ozup geçmäge hyýallanýar. The Hollywood Reporter neşiriniň habar bermegine görä, striming hyzmaty ýazyjy Brendon Sandersonyň kitaplary esasynda fentezi-älemini döretmek üçin ägirt uly şertnama baglaşdy.
Platforma «Kosmer» atly oýlanyp tapylan älem baradaky eserler toplumynyň hukuklaryny satyn aldy. Bu äleme fantastik romanlaryň awtorynyň «Elantris», «Duman içinde doglan», «Gaýçyragyň arhiwi» ýaly seriýalary we beýleki eserleri degişlidir.
Ylalaşygyň şertlerine görä, «Duman içinde doglan» kitaplar toplumy esasyndaky filmler we «Gaýçyragyň arhiwi» boýunça seriallar başyna baryljak birinji taslamalar bolar. Älemiň sýužeti Adonalsium diýen jandaryň güýjüniň on alty sany döwük böleginiň töwereginde jemlenýär. Bu döwükler bolsa özboluşly jadyly ulgamlary bolan dürli dünýäleriň esasyny düzýär.

Önümçilik prosesine Brendon Sandersonyň hut özi ýolbaşçylyk eder we ssenariýalary ýazmaga gatnaşar. Ýazyjy öz eserleriniň ekranlaşdyrylyşyna gözegçilik etmek boýunça giňeldilen ygtyýarlyklara hem eýe bolar.
Taslamany döredijiler bu işiň gerimi we jikme-jik işlenilişi boýunça Jorj R. R. Martiniň romanlar älemi esasynda surata düşürilen «Tagtlar oýny» serialynyň derejesinden hem ýokary boljakdygyny wada berýärler
.


21.06.2026 10:41
1.7k+

«Oýnawaçlaryň hekaýaty-5» premýeradan öňki kassa ýygymlary boýunça ýylyň rekordyny goýdy

«Oýnawaçlaryň hekaýaty-5» animasiýa filmi premýeradan öňki görkezilişlerde kassa ýygymlary boýunça 2026-njy ýylyň iň gowy netijesini görkezdi. Bu animasion taslama 17,5 million dollar gazandy diýip, «Variety»......

19.06.2026 20:14
4.5k+

Baş keşpde Hýu Jekman bilen «Robin Guduň ölümi» filminiň dünýä premýerasy boldy

Şu gün bütin dünýäde Hýu Jekmanyň baş keşbi ýerine ýetirmeginde «Robin Guduň ölümi» (The Death of Robin Hood) filminiň prokaty başlandy....

19.06.2026 11:08
2.9k+

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» taryhda iň çykdajyly film diýlip ykrar edildi

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» (Мир Юрского периода: Господство) filmi taryhda iň gymmat düşen kino taslamasy diýlip yglan edildi. «Fortune» neşiriniň maglumatlaryna görä, Universal Pictures......

18.06.2026 09:56
2.6k+

«Maşa we Aýynyň» üç aýy baradaky spin-offy peýda bolar

«Animakkord» studiýasy «Maşa we üç aýy» atly täze multserialy tanyşdyrdy. Ol «Maşa we Aýy» taslamasynyň spin-offy bolar diýip, «The Hollywood Reporter» habar berýär....