Genri Kewill «Dagly» filminiň remeýkinden ilkinji kadrlary paýlaşdy

  • 01.02.2026 15:13
  • 1.4k+

Aktyor Genri Kewill sosial torlarda «Dagly» («Горец») filminden ilkinji şekilleri paýlaşdy. «Amazon MGM» kinostudiýasynyň bu taslamasy 1980-nji ýyllarda surata düşürilen adybir filmiň remeýkidir.
Filmiň režissýorlyk kürsüsinde «Jon Uik» franşizasynyň awtorlarynyň biri bolan Çad Stahelski oturýar. Surata düşüriş işleriniň başlanmagy, Kewilliň trýuklary ýerine ýetirmäge taýýarlyk görýän wagty alan şikesi sebäpli 2026-njy ýylyň başyna süýşürilipdi. Aktyor filmde ölmez-ýitmez şotland Konnor MakLaudyň keşbini janlandyrar.
Aktyorlar düzümine Deýw Bautista, Karen Gillan, Jimon Hunsu we Marisa Abela ýaly meşhur aktýorlar hem girdi.
Filmiň sýužeti diňe başyny almak arkaly ýok edip bolýan söweşijileriň taryhyna esaslanýar. Asyrlar boýy dowam eden darkaşyň netijesinde ýeňiji bolan tarap dünýäni dolandyrýan syrly güýje eýe bolýar.
Çad Stahelski franşizanyň asyl mifologiýasyny saklap, ssenariýany täzeden işlemegi meýilleşdirýär.
«Biz wakalary 1500-nji ýyllaryň başyndaky daglyk ýerlerden häzirki zaman Nýu-Ýorka we Gonkonga geçireris we mundan näme çykjagyny göreris. Munda ekşn üçin uly mümkinçilikler, köp adama eýgertmejek keşbi döretmäge şert bar. Bu hekaýata, edil siziň pikir edişiňiz ýaly bolmasa-da, birneme söýgi-de gatylan» diýip, režissýor öňräk beren interwýusynda gürrüň beripdi.


11.06.2026 23:54
1.3k+

«Sosial toruň» dowamynyň treýleri hödürlendi: film «Facebook-yň» zyýanly täsirini görkezer

Sony kompaniýasy «Sosial tor» (The Social Network) filminiň dowamy bolan «Sosial hasaplaşyk» (The Social Reckoning) atly täze filmiň ilkinji treýlerini hödürledi. Bu film «The Wall Street Journal» neşiriniň......

10.06.2026 07:46
1.4k+

Netflix-iň «Skubi-Du» serialynyň ilkinji tizeri çykdy

Netflix onlaýn kinoteatry «Skubi-Du: Başlangyç» (Scooby-Doo: The Beginning) serialynyň ilkinji resmi tizerini tanyşdyrdy. Wideo YouTube platformasynda ýerleşdirildi....

09.06.2026 12:24
1.2k+

80-nji Kann kinofestiwalynyň geçiriljek senesi yglan edildi

Guramaçylar 80-nji Kann kinofestiwalynyň geçiriljek senesini yglan etdiler. Dünýäniň iň uly kino forumlarynyň biri 2027-nji ýylyň 11-22-nji maýy aralygynda Gök Kenarda geçiriler....

09.06.2026 08:41
1.6k+

"Super Mario: Galaktiki kino" 2026-njy ýylda 1 milliard dollardan gowrak girdeji gazanan ilkinji film boldy

«Super Mario: Galaktiki kino» multfilmi dünýä prokatynda 1 milliard dollardan gowrak girdeji gazanyp, bu sepgide ýeten 2026-njy ýylyň ilkinji filmi boldy....