«Aždarhany nädip eldekileşdirmeli 2» filmi surata düşürilip başlandy

  • 28.01.2026 16:01
  • 2k+

«Aždarhany nädip eldekileşdirmeli 2» (Как приручить дракона 2) filmini düşürmek işleri başlandy. Bu barada franşizanyň režissýory we ssenariçisi Din DeBlua surata düşüriş meýdançasyndan fotosurat bilen paýlaşyp, sosial ulgamlarda habar berdi.
«Ýene eýer üstünde! “Aždarhany nädip eldekileşdirmeli 2” filminiň düşürilişiniň birinji güni! Başdangeçirmeler başlanýar...» diýip, DeBlua suratyň aşagyndan ýazdy we klassyk gyzyl reňkde filmiň logotipiniň täze görnüşini görkezdi.

Filmiň dowamy 2014-nji ýylyň adybir multfilmine esaslanýar. Onuň wakalary birinji bölümiň ahyrky wakalaryndan bäş ýyl soň bolup geçýär. Täze bölümde esasy rollaryň birini baş gahrymanyň ejesi ýerine ýetirer. Bu keşbi ekranda kimiň janlandyrjakdygy häzirlikçe belli däl.
Filmiň dowamynda Meýson Temz, Niko Parker, Jerard Batler, Nik Frost, Julian Dennison, Bronwin Jeýms, Garri Trewaldwin we Gebriel Hauell öz rollaryna gaýdyp geler.
Filmiň premýerasy 2027-nji ýylyň 11-nji iýunyna meýilleşdirildi. Birinji bölüm geçen ýyl çykyp, prokatda öňdebaryjy filmleriň birine öwrülipdi.


11.06.2026 23:54
1.3k+

«Sosial toruň» dowamynyň treýleri hödürlendi: film «Facebook-yň» zyýanly täsirini görkezer

Sony kompaniýasy «Sosial tor» (The Social Network) filminiň dowamy bolan «Sosial hasaplaşyk» (The Social Reckoning) atly täze filmiň ilkinji treýlerini hödürledi. Bu film «The Wall Street Journal» neşiriniň......

10.06.2026 07:46
1.4k+

Netflix-iň «Skubi-Du» serialynyň ilkinji tizeri çykdy

Netflix onlaýn kinoteatry «Skubi-Du: Başlangyç» (Scooby-Doo: The Beginning) serialynyň ilkinji resmi tizerini tanyşdyrdy. Wideo YouTube platformasynda ýerleşdirildi....

09.06.2026 12:24
1.2k+

80-nji Kann kinofestiwalynyň geçiriljek senesi yglan edildi

Guramaçylar 80-nji Kann kinofestiwalynyň geçiriljek senesini yglan etdiler. Dünýäniň iň uly kino forumlarynyň biri 2027-nji ýylyň 11-22-nji maýy aralygynda Gök Kenarda geçiriler....

09.06.2026 08:41
1.6k+

"Super Mario: Galaktiki kino" 2026-njy ýylda 1 milliard dollardan gowrak girdeji gazanan ilkinji film boldy

«Super Mario: Galaktiki kino» multfilmi dünýä prokatynda 1 milliard dollardan gowrak girdeji gazanyp, bu sepgide ýeten 2026-njy ýylyň ilkinji filmi boldy....