«Täze tolkun» filmi Sezar kino baýragynyň 10 nominasiýasyny aldy

  • 30.01.2026 20:54
  • 2.6k+

Fransiýanyň 51-nji Sezar milli kino baýragyna dalaşgärler yglan edildi. Şu ýyl nominasiýalaryň sany boýunça Riçard Linkleýteriň «Täze tolkun» (Новая волна) komediýasy öňdebaryjy boldy.
Bu film jemi on sany nominasiýada, şol sanda «Iň gowy film», «Iň gowy režissýor», «Iň gowy original ssenariý», «Iň gowy operatorlyk işi» we «Iň gowy kostýum dizaýny» ýaly kategoriýalarda baýraga dalaşgar görkezildi.
Nominasiýalaryň sany boýunça onuň yzyndan Karin Tardýeniň «Ysnyşyk» (Привязанность) dramasy, Dominik Molluň «Iş № 137» (Дело № 137) jenaýat filmi we Stefan Demustýeniň «Beýik arka» (Великая арка) taryhy taslamasy gelýär — olaryň her biri sekiz nominasiýa eýe boldy.
Týerri Klifanyň baş keşpde Izabel Ýupper bilen «Dünýäniň iň baý zenany» (Самая богатая женщина в мире) we Afsia Erziniň «Körpe uýa» filmleri alty nominasiýada görkezildi. Fransua Ozonyň «Saýry» (Посторонний) dramasy bolsa dört baýrak ugrunda bäsleşer.
Baýragyň gowşurylyş dabarasy 27-nji fewralda Parižde geçiriler.
Esasy kategoriýalarda dalaşgärleriň sanawy:

  • Iň gowy film: «Ysnyşyk», «Iş № 137», «Täze tolkun», «Körpe uýa», «Ýönekeý bir tötänlik».
  • Iň gowy režissýor: Karin Tardýe («Ysnyşyk»), Dominik Moll («Iş № 137»), Stefan Demustýe («Beýik arka»), Riçard Linkleýter («Täze tolkun»), Afsia Erzi («Körpe uýa»).
  • Iň gowy aktrisa: Leýla Behti («Meniň ejem — jadygöý»), Waleriýa Bruni-Tedeski («Ysnyşyk»), Lea Drýuker («Iş № 137»), Izabel Ýupper («Dünýäniň iň baý zenany»), Melani Týerri («Mariananyň otagy»).
  • Iň gowy aktýor: Klas Bang («Beýik arka»), Bastýen Bullon («Bagtyň taýýarlanylyş usuly»), Loran Lafitt («Dünýäniň iň baý zenany»), Pio Marmaý («Ysnyşyk»), Benžamin Wuazen («Saýry»).
  • Iň gowy halkara film: «Gizlin agent», «Gara köpek», «Sirat», «Bir söweşden soň beýleki», «Sentimental gymmatlyk».

şu gün 00:07
1.2k+

Ýewropadaky yssy howa kondisionerlere bolan islegi rekord derejä ýetirdi

Ýewropa yklymyndaky aşa gyzgyn howa şertleri sowadyş ulgamlaryna bolan islegiň birden ýokarlanmagyna sebäp boldy. Bu ýagdaý Samsung Electronics, Midea we Mitsubishi Electric ýaly Aziýanyň öňdebaryjy......

düýn 11:31
1.7k+

Tarantino bilen aýdymçy Kaýli Minoug bir filmde oýnar

Amerikan režissýory Kwentin Tarantino britaniýaly režissýor Jeými Adamsyň täze filminde surata düşer. Awstraliýaly aýdymçy Kaýli Minoug hem şol filmde oýnar diýip, Variety neşiri habar berýär....

26.06.2026 23:58
1.9k+

Illumination studiýasy «Zweropoý» we «Öý haýwanlarynyň gizlin durmuşy» filmleriniň täze bölümlerini taýýarlaýar

«Illumination» studiýasy «Zweropoý 3» (Sing 3) we «Öý haýwanlarynyň gizlin durmuşy 3» (Тайная жизнь домашних животных 3) animasion filmlerini işläp düzmäge başlady. Bu barada kompaniýanyň ýolbaşçysy Kris......

26.06.2026 21:03
17k+

Londonyň üstünden ägirt aždarha uçup geçdi

HBO kompaniýasy «Aždarhanyň öýi» (House of the Dragon / Дом Дракона) serialynyň üçünji möwsüminiň premýerasynyň öňüsyrasynda Londonyň Tauer galasynyň üstünden mehaniki aždarhany uçurdy....