Bekmambetowyň täze filmi ABŞ prokatynda «Awatar 3-den» öňe saýlandy

  • 27.01.2026 11:47
  • 6.2k+

Režissýor Timur Bekmambetowyň «Rehimdarlyk» (Mercy, rus prokatynda «Казнить нельзя помиловать») atly täze dartgynly ylmy-fantastik filmi geçen dynç günleriniň netijeleri boýunça Demirgazyk Amerikanyň kinoprokatynda birinji orna çykdy.
​Amazon MGM studiýasynyň bu filmi ABŞ-da 11,2 million dollar gazandy. Bu bolsa dynç günlerinde 7 million dollar girdeji alan «Awatar: Ot we kül» («Аватар: Огонь и пепел») filmini yzda galdyrmak üçin ýeterlik boldy.
​Filmiň umumy býujeti 60 million dollara barabardyr. Halkara bazarlarda film ýene-de 11,6 million dollar gazanyp, umumy girdejisini 22,8 million dollara ýetirdi. Onda baş keşpleri Kris Pratt we Rebekka Fergýuson janlandyrdy.
​Filmiň sýužeti aýalyny öldürmekde aýyplanýan polisiýa işgäri hakynda gürrüň berýär. Onuň öz bigünäligini emeli aň esasynda işleýän kazyýete subut etmek üçin bary-ýogy 90 minut wagty bar.
​Tomaşaçylaryň ünsüni çekip bilse-de, tankytçylar filme kembaha garadylar, onuň Rotten Tomatoes saýtyndaky reýtingi 21 göterime deň boldy.
Variety neşiriniň ýazmagyna görä, «Rehimdarlyk» filminiň geçen dynç günleri Jeýms Kemeronyň kinosyndan öňe saýlanmagy köp babatda güýçli gar boragany sebäp boldy. Şeýle howada tomaşaçylaryň köpüsi, aýratyn hem maşgalaly adamlar kinoteatrlara gitmekden saklandylar.  Üstesine-de, ençeme ştatlarda kinoteatrlar işini wagtlaýyn togtatmaly boldy. Netijede, geçen dynç günleri şu ýylyň iň pes girdejili döwri boldy: ABŞ-nyň kinoteatrlary geçen ýylky görkezijiden 9 göterim az — jemi 60 million dollar gazandylar.


11.06.2026 23:54
1.3k+

«Sosial toruň» dowamynyň treýleri hödürlendi: film «Facebook-yň» zyýanly täsirini görkezer

Sony kompaniýasy «Sosial tor» (The Social Network) filminiň dowamy bolan «Sosial hasaplaşyk» (The Social Reckoning) atly täze filmiň ilkinji treýlerini hödürledi. Bu film «The Wall Street Journal» neşiriniň......

10.06.2026 07:46
1.4k+

Netflix-iň «Skubi-Du» serialynyň ilkinji tizeri çykdy

Netflix onlaýn kinoteatry «Skubi-Du: Başlangyç» (Scooby-Doo: The Beginning) serialynyň ilkinji resmi tizerini tanyşdyrdy. Wideo YouTube platformasynda ýerleşdirildi....

09.06.2026 12:24
1.2k+

80-nji Kann kinofestiwalynyň geçiriljek senesi yglan edildi

Guramaçylar 80-nji Kann kinofestiwalynyň geçiriljek senesini yglan etdiler. Dünýäniň iň uly kino forumlarynyň biri 2027-nji ýylyň 11-22-nji maýy aralygynda Gök Kenarda geçiriler....

09.06.2026 08:41
1.6k+

"Super Mario: Galaktiki kino" 2026-njy ýylda 1 milliard dollardan gowrak girdeji gazanan ilkinji film boldy

«Super Mario: Galaktiki kino» multfilmi dünýä prokatynda 1 milliard dollardan gowrak girdeji gazanyp, bu sepgide ýeten 2026-njy ýylyň ilkinji filmi boldy....