«Watan» kinokonsert merkezinde türk seriallary boýunça Röwşen Nepesowyň orkestriniň konserti bolar

  • 03.02.2026 20:37
  • 4.9k+

15-nji fewralda «Watan» kinokonsert merkezinde Röwşen Nepesowyň orkestriniň «Türk seriallaryndan mukamlar» atly konserti geçiriler. Bu çäre diňleýjileriň köpsanly haýyşlary boýunça gurnaldy.
Konsertiň dirižýory Eziz Jumanyýazow bolar. Konsert iki wagtda geçiriler: sagat 17:00-da we 19:00-da.

Posterden çen tutsaň, türk seriallarynyň muşdaklaryna «Muhteşem Yüzyıl» («Великолепный век»), «Kuruluş: Osman» («Основание: Осман»), «Diriliş: Ertuğrul» («Воскресший Эртугрул»), «Yalı Çapkını» («Зимородок»), «Kara Sevda» («Черная любовь»), «Sen Çal Kapımı» («Постучись в мою дверь»), «Hercai» («Ветреный») ýaly meşhur seriallaryň sazlary garaşýar.
Goşmaça maglumat we bilet boýunça soraglar üçin şu telefon belgisine ýüz tutup bilersiňiz: +99361235234. 
Instagram: @rovshen_nepesov_orchestra


şu gün 00:03
1.1k+

Türkmenistanda göreji pes çagalar üçin informatika boýunça ilkinji gezek okuw gollanmasy neşir edildi

Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan ýurduň Saglygy dikeldiş okuw-terbiýeçilik toplumlarynyň kör we çala görýän mekdep ýaşly çagalar bölümleriniň birinji synp okuwçylaryna niýetlenen «Informatikanyň......

düýn 19:31
1.2k+

Medeniýet hepdeligi – 2027 Daşoguz welaýatynda geçiriler

2027-nji ýylda Medeniýet hepdeligi 22-nji we 27-nji iýun aralygynda Daşoguz welaýatynda geçiriler. Degişli Karara Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow gol çekdi. Resminama bilen guramaçylyk topary......

düýn 11:31
1.7k+

Tarantino bilen aýdymçy Kaýli Minoug bir filmde oýnar

Amerikan režissýory Kwentin Tarantino britaniýaly režissýor Jeými Adamsyň täze filminde surata düşer. Awstraliýaly aýdymçy Kaýli Minoug hem şol filmde oýnar diýip, Variety neşiri habar berýär....

26.06.2026 23:58
1.9k+

Illumination studiýasy «Zweropoý» we «Öý haýwanlarynyň gizlin durmuşy» filmleriniň täze bölümlerini taýýarlaýar

«Illumination» studiýasy «Zweropoý 3» (Sing 3) we «Öý haýwanlarynyň gizlin durmuşy 3» (Тайная жизнь домашних животных 3) animasion filmlerini işläp düzmäge başlady. Bu barada kompaniýanyň ýolbaşçysy Kris......