Nolanyň «Odisseýa» filmine repçi Trewis Skott gatnaşdy

  • 27.01.2026 13:13
  • 1.9k+

 Amerikan telewideniýesinde režissýor Kristofer Nolanyň «Odisseýa» filminiň täze tizeri görkezildi. Wideorolikde meşhur repçi Trewis Skottuň hem peýda bolmagy köpçülikde uly seslenme döretdi. 
«Deadline» neşiriniň ýazmagyna görä, reperiň filmdäki keşbi baradaky jikme-jiklikler häzirlikçe aýan edilmeýär.
Skott tizerdäki sahnada stoluň üstünde durup, bir topar esgere ýüzlenýär. Olaryň arasynda Tom Holand (Odisseýiň ogly Telemahyň keşbinde) we Jon Berntal (Menelaý) tarapyndan janlandyrylýan gahrymanlar hem bar.
Reperiň gatnaşmagyndaky kadrlar gysga wagtyň içinde sosial torlara giňden ýaýrady.
Bu, aslynda, Trewis Skott bilen Kristofer Nolanyň ilkinji hyzmatdaşlygy däldir. Mundan ozal sazanda režissýoryň 2020-nji ýylda ekranlara çykan «Ýörelge» («Tenet») filmi üçin «The Plan» atly aýdymyny ýazypdy.
«Odisseýanyň» aktýorlar düzüminde Mett Deýmon, Enn Heteueý, Robert Pattinson, Zendeýa we Şarliz Teron ýaly dünýä belli ýyldyzlar hem bar.
Film gadymy grek şahyry Gomeriň adybir epik poemasyna esaslanýar. «Odisseýanyň» uly ekranlara çykarylyşy 2026-njy ýylyň 17-nji iýulyna meýilleşdirilýär.


11.06.2026 23:54
1.3k+

«Sosial toruň» dowamynyň treýleri hödürlendi: film «Facebook-yň» zyýanly täsirini görkezer

Sony kompaniýasy «Sosial tor» (The Social Network) filminiň dowamy bolan «Sosial hasaplaşyk» (The Social Reckoning) atly täze filmiň ilkinji treýlerini hödürledi. Bu film «The Wall Street Journal» neşiriniň......

10.06.2026 07:46
1.4k+

Netflix-iň «Skubi-Du» serialynyň ilkinji tizeri çykdy

Netflix onlaýn kinoteatry «Skubi-Du: Başlangyç» (Scooby-Doo: The Beginning) serialynyň ilkinji resmi tizerini tanyşdyrdy. Wideo YouTube platformasynda ýerleşdirildi....

09.06.2026 12:24
1.2k+

80-nji Kann kinofestiwalynyň geçiriljek senesi yglan edildi

Guramaçylar 80-nji Kann kinofestiwalynyň geçiriljek senesini yglan etdiler. Dünýäniň iň uly kino forumlarynyň biri 2027-nji ýylyň 11-22-nji maýy aralygynda Gök Kenarda geçiriler....

09.06.2026 08:41
1.6k+

"Super Mario: Galaktiki kino" 2026-njy ýylda 1 milliard dollardan gowrak girdeji gazanan ilkinji film boldy

«Super Mario: Galaktiki kino» multfilmi dünýä prokatynda 1 milliard dollardan gowrak girdeji gazanyp, bu sepgide ýeten 2026-njy ýylyň ilkinji filmi boldy....