ABŞ-nyň Milli film sanawyna «Başlangyç», «Truman şüweleňi» we ýene 23 film goşuldy

  • 31.01.2026 18:36
  • 2.8k+

ABŞ-nyň Milli film sanawyna 25 sany täze kinofilm goşuldy diýip, Variety neşiri habar berýär. 
Bu sanaw her ýyl täzelenip, oňa medeni, taryhy ýa-da estetiki ähmiýeti bolan, azyndan 10 ýyl mundan ozal düşürilen filmler girizilýär. Şeýle kino eserleri Kongresiň kitaphanasynda saklanylmaga degişlidir. 
Sanawa doly we gysga metražly çeper, dokumental we animasion filmler, şeýle-de höwesjeň wideolar hem girip bilýär. Täze goşulanlar bilen sanawdaky filmleriň jemi sany 925-e ýetdi.
Kongresiň kitaphanaçysynyň wezipesini ýerine ýetiriji Robert R. Nýulen bu sanawyň medeni mirasy gorap saklamakdaky ähmiýetini şeýle belledi:
«Biz filmleri saklap galmak bilen, geljekki nesiller üçin amerikan medeniýetini saklaýarys. Saýlanyp alnan bu filmler kinematografyň halkymyzyň taryhynyň möhüm pursatlaryny ebedileşdirmekde uly orun eýeleýändigini görkezýär».
Şu ýyl sanawa giren esasy filmleriň arasynda aşakdakylar bar:

  • «Filadelfiýa» (Филадельфия, 1993) – režissýor Jonatan Demmi;
  • «Truman şüweleňi» (Шоу Трумана, 1998) – režissýor Piter Wir;
  • «Sagatlar» (Часы, 2002) – režissýor Stiwen Doldri;
  • «Supermaşgala» (Суперсемейка, 2004) – «Pixar» studiýasynyň multfilmi;
  • «Başlangyç» (Начало, 2010) – režissýor Kristofer Nolan;
  • «“Grand Budapeşt” myhmanhanasy» (Отель „Гранд Будапешт“, 2014) – režissýor Ues Anderson.

11.06.2026 23:54
1.3k+

«Sosial toruň» dowamynyň treýleri hödürlendi: film «Facebook-yň» zyýanly täsirini görkezer

Sony kompaniýasy «Sosial tor» (The Social Network) filminiň dowamy bolan «Sosial hasaplaşyk» (The Social Reckoning) atly täze filmiň ilkinji treýlerini hödürledi. Bu film «The Wall Street Journal» neşiriniň......

10.06.2026 16:26
5.7k+

ABŞ-nyň kazyýeti iş wizalary üçin 100 müň dollarlyk tölegi ýatyrdy

ABŞ-nyň federal kazyýeti prezident Donald Trampyň administrasiýasy tarapyndan H-1B wizalaryny almak üçin arza berilende girizilen 100 müň dollarlyk mejbury tölegi kanunalaýyk däl diýip ykrar etdi. Bu barada......

10.06.2026 07:46
1.4k+

Netflix-iň «Skubi-Du» serialynyň ilkinji tizeri çykdy

Netflix onlaýn kinoteatry «Skubi-Du: Başlangyç» (Scooby-Doo: The Beginning) serialynyň ilkinji resmi tizerini tanyşdyrdy. Wideo YouTube platformasynda ýerleşdirildi....

09.06.2026 12:24
1.2k+

80-nji Kann kinofestiwalynyň geçiriljek senesi yglan edildi

Guramaçylar 80-nji Kann kinofestiwalynyň geçiriljek senesini yglan etdiler. Dünýäniň iň uly kino forumlarynyň biri 2027-nji ýylyň 11-22-nji maýy aralygynda Gök Kenarda geçiriler....