7.3k+

Eýesiniň yzyna özi düşüp ýörýän uçýan saýawan döredildi

YouTube-daky "I Build Stuff" kanalynyň awtory, inžener Jon Sze ýagyş ýaganda adamyň yzyna özbaşdak eýermäge ukyply awtonom uçýan saýawan oýlap tapdy. Enjam dron tehnologiýalaryna esaslanyp bolup, adamyň depesinde pasyrdaýar we saýawany elde saklap durmak zerurlygyny aýyrýar...

2k+

Analog çip sanly prosessorlardan 5000 esse netijeli bolup çykdy

Italiýada maglumatlary işläp taýýarlamakda energiýa sarp edilişini sanly çözgütler bilen deňeşdirilende 5000 essä çenli azaldýan analog prosessoryň prototipi işlenip düzüldi. Milanyň politehniki uniwersitetiniň barlagçylarynyň TechXplore neşirine beren maglumatyna görä, bu enjam robototehnika we emeli akyl ulgamlary üçin niýetlenendir...

2.1k+

Hytaý ilkinji gezek kosmosda metal şaýlary çap etdi

Hytaý öz taryhynda ilkinji gezek metal şaýlary göni kosmosda 3D çap etmek boýunça synag geçirdi. Barlag işleri köp gezek ulanylýan «Lihun-1» (Y1) kosmos gämisiniň bortunda, Ýerden dolandyrylmazdan, doly özbaşdak ýagdaýda amala aşyryldy...

1.9k+

Fransiýada döwlet gullukçylaryna Google Meet we Zoom ulanmagy gadagan ederler

Fransiýanyň hökümeti döwlet gullukçylaryna Google Meet, Zoom we Microsoft Teams ýaly Amerikanyň wideoaragatnaşyk hyzmatlaryny ulanmagy gadagan etmegi meýilleşdirýär. Bu barada Politico habar berdi. Neşiriň berýän maglumatyna görä, premýer-ministriň diwany ýakyn günlerde resmi wezipeli şahslara wideoaragatnaşyklary diňe Fransiýanyň öz Visio platformasy arkaly geçirmek baradaky talapnamany ýollar...

4.7k+

Kosmonawtlar üçin kir ýuwujy maşyn we duş kabinasy döredilýär

2026-njy ýylyň tomsunda Halkara kosmos stansiýasy (HKS) üçin niýetlenen kir ýuwujy maşynyň prototipiniň ýerüsti synaglaryna başlamak meýilleşdirilýär. Bu barada «Himiýa maşyn gurluşygynyň ylmy-gözleg instituty» paýdarlar jemgyýetiniň geljegi uly taslamalar bölüminiň başlygy Ýewgeniý Uýmanowa salgylanyp, TASS habar berýär...

2.4k+

Robot el dyrmaşyp we elýeterden uzakdaky zatlary gapjap alyp bilýär

Lozannanyň Federal politehniki mekdebiniň (EPFL) alymlary özbaşdak hereket edýän we zatlary gapjap tutup bilýän robot eli döretdiler. Biraz möýi ýatladýan robot esasy manipulýator golundan «gopup», elýeterden uzakdaky ýerlere ýetip, zerur zatlary «ele salyp», yzyna gaýdyp bilýär...

3.3k+

Adamyň ýüz hereketlerini gaýtalaýan robot döredildi

Täze robot söhbetdeşiniň ýüz keşbiniň nähili boljakdygyny öňünden duýýar we 11 dilde dodak hereketlerini gaýtalaýar. Kolumbiýa uniwersitetiniň alymlary robotlara adamyň başdan geçirip duran ýagdaýyndaky dodak we ýüz hereketlerini sinhronlaşdyrmaga mümkinçilik berýän tehnologiýany hödürlediler...

6.2k+

Science žurnaly 2025-nji ýylyň on sany esasy ylmy üstünligini aýtdy

Abraýly Science ylmy žurnalynyň redaksiýasy 2025-nji ýylda gazanylan möhüm 10 sany ylmy üstünligiň sanawyny düzmek bilen bu ýyly jemledi. 1. Gaýtadan dikeldilýän energetika Bu gezek neşir reýtingiň başynda gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleriniň – Günüň, ýeliň we gidroenergetikanyň ulanylyşynyň çalt depginde ösüşini ýerleşdirdi...

3.4k+

Şweýsariýaly alymlar howa köpürjiklerinden ýasalan «myşsaly» ýumşak robot döretdiler

Şweýsariýanyň Sýurih federal tehnologiýa institutynyň (ETH Zurich) alymlary skat balygynyň hereketlerini gaýtalap bilýän, simsiz işleýän Stingraybot atly kiçijik roboty işläp taýýarladylar. Enjamyň ini takmynan 4 santimetr bolup, ol lukmançylyk barlaglary we hassalary hirurgiki däl usulda bejermek üçin niýetlenendir diýip, New Atlas neşiri habar berýär...

1.7k+

ABŞ-da gatanda CO₂-ni siňdirýän beton işlenip düzüldi

Massaçusetsdäki Wuster Politehniki Institutynyň (WPI) alymlary Fermentatiw Gurluşlyk Materialy (ESM) diýlip atlandyrylýan innowasion gurluşyk materialyny işläp düzdüler. Onuň esasy aýratynlygy uglerod-negatiw bolmagydyr: gatama prosesinde ol kömürturşy gazyny çykarman, tersine, atmosferadan kömürturşy gazyny işjeň özüne siňdirýär...

5.8k+

Robot-hirurg ilkinji gezek kataraktany aýyrmak boýunça operasiýa geçirdi

Lukmançylyk bilen inženerçiligiň çatrygynda göz hirurgiýasynda uly öwrülişikleri wada berýän düýpli öňe gidişlik boldy: Kaliforniýanyň Los-Anjeles uniwersitetinde (UCLA) işlenip düzülen robot ulgamy dünýäde ilkinji gezek adamda kataraktany aýyrmak boýunça operasiýany üstünlikli geçirdi...

6.6k+

Hytaýly alymlar howadan suw alýan “awtobus duralgasyny” döretdiler

Szýaotun Şanhaý uniwersitetiniň alymlary agyz suwuny gönüden-göni atmosfera howasyndan almaga mümkinçilik berýän tehnologiýany döretdi. Bu barada China Daily habar berýär. Bu tehnologiýa kondensasiýa, çyglylygy siňdirmek we ýylylyk nasosy ýaly usullary ulanýar...

2.9k+

«Sanly çözgüt – 2025» bäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Sanly çözgüt – 2025» bäsleşiginiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy boldy. Bu çäre ýurduň telekommunikasiýa we IT ulgamynda esasy waka bolan «Türkmentel–2025» XVIII Halkara sergisiniň we ylmy maslahatynyň dabaraly ýapylyşynyň çäklerinde geçirildi...

8.8k+

Russiýanyň ilkinji gumanoid roboty tanyşdyryldy: birnäçe ädimden soň ol ýykyldy

Moskwada Russiýanyň emeli aňly (EA) ilkinji adam şekilli (gumanoid) robotynyň tanyşdyrylyşy boldy. Bu barada TASS agentligi Milli Tehnologiýa Koalisiýasyna salgylanyp habar berdi. "Moskwa" agentliginiň maglumatyna görä, "Aýdol" (Aidol) atly robot deňagramlylygyny saklap bilmän, eýýäm tanyşdyrylyşyň başynda ýykyldy...

4k+

Kembrijde CO₂-ni peýdaly çig mala öwürýän “emeli ýaprak” döretdiler

Kembrij uniwersitetiniň alymlary Gün şöhlesiniň täsiri astynda kömürturşy gazyny (CO₂) we suwy peýdaly himiki maddalara öwrüp bilýän ýarym sintetik “emeli ýapragy” döredendiklerini habar berdiler. Bu enjam tebigy fotosinteziň iş prinsipini gaýtalaýar we zäherli katalizatorlary ulanmaýar, şonuň bilen hem ekologiýa taýdan arassa hasaplanýar diýip, SciTechDaily ýazýar...

3.8k+

Günorta Koreýada ekzoskeletli geýimköpçülikleýin öndürilmäge taýyn edildi

Günorta Koreýada täze görnüşli ekzoskelet oturdylan ýeňil geýim — “robo-mata” bilen işlýän kostýum köpçülikleýin önümçilige taýyn edildi. Bu çözgüt Koreýanyň Maşyngurluşyk we materiallar institutynyň (KIMM) robotika boýunça Öňdebaryjy tehnologiýalar merkezinde işlendi diýip, Eurekalert habar berýär...

4.5k+

Time 2025-nji ýylyň iň beýik 300 oýlap tapyşynyň reýtingini hödürledi

Time žurnaly Time’s Best Inventions 2025 reýtingini – soňky 365 günde döredilen iň möhüm oýlap tapyşlaryň sanawyny hödürledi. Şu ýyl redaksiýa 300 innowasiýany saýlady – bu öňkülerden has köpdür. Oýlap tapyşlar kategoriýalar boýunça bölündi: robototehnika, gözellik, dynç alyş, saglyk, dizaýn, oba hojalygy, iýmit, emeli aň we beýlekiler...

3.8k+

Hytaýyň Deep Robotics kompaniýasy suw geçirmeýän DR02 gumanoid robotyny görkezdi

Hytaýyň Deep Robotics kompaniýasy DR02 atly gumanoid robotyny tanyşdyrdy. Bu robot çylşyrymly senagat we köçe şertlerinde işlemäge ukyply. Onuň korpusy IP66 standartyna laýyklykda suwdan we tozandan goragly, bu robotyň ýagyşly, tozanly we ýokary çyglylyk şertlerinde işläp bilmegine mümkinçilik berýär...

7.6k+

Awstraliýaly robot möý bir jaýy 24 sagadyň içinde çap edýär

Awstraliýada äpet möý şekilli üýtgeşik gurluşykçy robot oýlanyp tapyldy. Crest Robotics we Earthbuilt Technology kompaniýalary tarapyndan döredilen, "Şarlotta" diýlip atlandyrylýan oýlap tapyş, takmynan, 200 inedördül metrlik jaýy 24 sagadyň içinde çap etmäge ukyplydyr diýip, ABC  habar berýär...

4.7k+

Alymlar ilkinji gezek deri öýjüklerinden adamyň ýumurtga öýjüklerini ösdürip ýetişdirdiler

Oregonyň Saglyk we ylym uniwersitetiniň alymlary ilkinji gezek deri öýjüklerinden adamyň ýumurtga öýjüklerini döretdiler. Bu tehnologiýa önelgesizligi bejermekde öwrülişik döredip, ýaş, kesel ýa-da himiýa bejergisiniň täsiri sebäpli ýumurtga öndürmek ukybyny ýitiren aýallar üçin täze mümkinçilik döredip biler diýip, "The Guardian" gazeti habar berdi...

2.3k+

Finger Maus – täze barmak syçanjygy hödürlendi

Tehnologiýa bazarynda täze enjam – Finger Maus gajeti peýda boldy. Ol kursory stol we halyça bolmazdan gönüden-göni howada dolandyrmaga mümkinçilik berýär diýip, TechSpot habar berýär. Enjam süýem, orta ýa-da ogulhajat barmaga dakylýar we simsiz syçanjyk ýaly işleýär...

4.1k+

Figure 02 gumanoid roboty gap-gaç ýuwmagy öwrendi

Kaliforniýanyň Figure startapy uniwersal Helix AI emeli aň modeli täzeledi, munuň netijesinde Figure 02 gumanoid roboty täze başarnygy - gap-gaç ýuwýan maşyna gap-gaçlary seresaplylyk bilen ýerleşdirmegi öwrendi...

5k+

Gurluşyk çyzgylaryny göni betona geçirýän robot döredildi

Amerikanyň Dusty Robotics kompaniýasy sanly gurluşyk çyzgylaryny göni beton plitalara geçirýän FieldPrinter robotyny hödürledi. Tehnologiýa bellikleri has çalt we has takyk ýerine ýetirmäge mümkinçilik berýär, bu köp wagty talap edýän el bilen işlemek zerurlygyny aradan aýyrýar...

3.5k+

Fizikler buzy epip, elektrik energiýasyny aldylar

Alymlar suw buzy epilende elektrik togunyň çykýandygyny ýüze çykardylar. Fleksoelektrik täsiri diýlip atlandyrylýan bu hadysa dürli temperaturalarda syn edildi. Bu açyş çabga bulutlarynda ýyldyrymyň nähili emele gelýändigine has gowy düşünmäge kömek edýär...