4 sany iPhone 17 Pro Max Orion gämisinde hakykatdan hem Aýa ugradyldy: telefonlar uçuşa nähili taýýarlandy

  • 07.04.2026 10:28
  • 8.1k+

«Artemis II» missiýasynyň çäginde «Orion» kosmos gämisinde Aýa tarap dört sany iPhone 17 Pro Max smartfony ugradyldy — ekipažyň her bir agzasyna bir enjam berildi.

«New York Times» neşiriniň habar bermegine görä, enjamlar kosmos uçuşy şertlerinde ulanmagyň howpsuzdygyny tassyklamak üçin NASA-nyň dört tapgyrly berk barlagyndan geçdi.

Agentligiň hünärmenleri ähtimal töwekgelçilikleri, şol sanda aýnanyň zeperlenmek mümkinçiligini seljerdiler we adatdan daşary ýagdaýlar ýüze çykan mahaly amala aşyrylmaly çäreleriň tertibini işläp düzdüler.

Bellemeli möhüm zatlaryň biri hem, Apple kompaniýasy bu işe hiç hili ýagdaýda gatnaşmady.

Gäminiň içinde ulanmak üçin smartfonlaryň simsiz aragatnaşyk ulgamlary mejbury ýagdaýda öçürildi.

iPhone-lardan başga-da, ekipaž «GoPro Hero 11» kameralaryny we «Nikon D5» kamerasyny ulanýar. Hatda şol «Nikon» kamerasy arkaly eýýäm kosmosdan Ýeriň täze suraty düşürildi.


düýn 10:51
806

Prada we Axiom Space Aýda geýiljek skafandryň içki gatlagyny görkezdi

"Prada" we "Axiom Space" kompaniýalary LCVG (suwuklyk bilen sowadýan we wentilýasiýa edýän eşik) atly içki sowadyjy we wentilýasiýa eşigini tanyşdyrdylar. Ol astronomlaryň Aýyň üstünde işleýän wagty beden......

09.06.2026 23:32
3.3k+

NASA-nyň «X-59» synag uçary ilkinji gezek ses tizliginden geçip bildi

NASA-nyň «X-59» synag uçary ilkinji gezek ses tizliginden geçdi. Bu waka ABŞ-nyň Kaliforniýa ştatyndaky Edwards howa bazasynda geçirilen synag uçuşynyň dowamynda amala aşdy....

08.06.2026 16:17
2.7k+

NASA-nyň «X-59» uçary ilkinji gezek ses tizliginden geçmäge taýýarlanýar

NASA-nyň «X-59» sesden hem çalt uçýan eksperimental uçary uçuş synaglarynyň nobatdaky tapgyryna taýýarlanýar. Bu tapgyrda uçar öz taryhynda ilkinji gezek sesiň tizliginden-de ýokary geçmelidir....

07.06.2026 19:54
2.1k+

NASA geljekki bazany taýýarlamak üçin Aýa her aýda robotlary iberer

NASA 2027-nji ýyldan başlap, Ýeriň tebigy hemrasynyň günorta polýusynyň töwereginde geljekki bazanyň infrastrukturasyny taýýarlamak üçin Aýa takmynan her aýda uçarmansyz missiýalary geçirmegi meýilleşdirýär....