Trampyň heniz çykmadyk smartfonynyň dizaýny täzelendi

  • 22.04.2026 16:55
  • 7.8k+

Trump Mobile kompaniýasy özüniň resmi saýtyny täzeledi we T1 Phone smartfonynyň täzeden işlenilen wersiýasyny hödürledi.

Täze modelde dizaýn üýtgedilip, ekran ulaldyldy we tehniki görkezijiler döwrebaplaşdyryldy. Enjamyň 2025-nji ýylyň tomsunda yglan edilen nusgasyny kämilleşdirmek işleri häzirki wagtda hem dowam edýär.

T1 Phone-yň häzirki dizaýny kompaniýanyň ýolbaşçylarynyň fewral aýynda görkezen şekillerine doly gabat gelýär. Smartfon özüniň altyn öwüşginli korpusyny, ABŞ-nyň stile laýyk edilen baýdagyny we yzky panelindäki brendiň logosyny saklap galdy, emma "T1" diýen uly ýazgy aýryldy.

The Verge neşiriniň bellemegine görä, enjam daşyndan HTC U24 Pro modeline meňzeýär, bu bolsa olaryň umumy ODM-hyzmatdaşyny ulanýan bolmagyndan habar berýär.

Tehniki aýratynlyklarda düýpli üýtgeşmeler ýüze çykdy. Ozalky kiçi ekranyň ýerine indi 120 Gs täzelenme ýygylygy bolan 6,78 dýuýmlyk AMOLED-displeý ulanylar. Enjam Android 15 operasion ulgamynda işläp, onuň esasy goşundysy Snapdragon 7-nji seriýaly prosessor (takyk modeli aýdylmaýar) bolar.

Akkumulýatoryň sygymy 5000 mAs bolup, ol 30 watlyk zarýad beriş ulgamyny goldaýar. Kameralar ulgamy 50 Mp esasy datçikden, 8 Mp ultra giň burçly moduldan we tele-obýektiwden ybaratdyr. Mundan başga-da, modelde seýrek duş gelýän 3,5 mm-lik gulaklyk deşiginiň saklanyp galmagy ünsüňi çekýär.

Meseleleriň maliýe tarapy bolsa entek doly aýdyň däl. Saýtdan enjamyň 499 dollar töweregi boljakdygy baradaky maglumat aýryldy, ýöne 100 dollar möçberinde depozit goýmak bilen deslapky sargyt etmek mümkinçiligi saklanyp galdy. Smartfonyň gutarnykly bahasynyň 1000 dollardan geçmezligine garaşylýar.

Şeýle-de, smartfonyň resmi taýdan satuwa çykaryljak wagty nämälimligine galýar, sebäbi "şu ýylyň ahyrynda" diýen ýazgy hem kompaniýanyň web-sahypasyndan öçürildi.


şu gün 10:51
72

OpenAI özüniň ilkinji «Jalapeno» EA-çibini synagdan geçirip başlady

OpenAI kompaniýasy eýýäm öwredilen emeli aň modellerini işletmek üçin niýetlenen «Jalapeno» atly ýöriteleşdirilen çibiniň ilkinji nusgalarynyň taýýardygyny we ony synagdan geçirip başlandygyny mälim etdi.......

24.06.2026 23:26
2.9k+

Meta ilkinji gezek öz brendi bilen «akylly» äýnekleri hödürledi

Meta kompaniýasy EssilorLuxottica (Ray-Ban, Oakley we beýleki brendleriň eýesi) bilen bilelikde döreden Meta Glasses «akylly» äýneklerini görkezdi. «Bloomberg» agentliginiň bellemegine görä, kompaniýa şeýle......

23.06.2026 18:51
6k+

Täze Honor X80 Pro Max smartfony çykyp-çykmanka Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi

Honor kompaniýasy sygymy 11 000 mA/sag bolan akkumulýator bilen üpjün edilen X80 Pro Max smartfonyny resmi taýdan hödürledi. Şeýle uly göwrümli batareýasy sebäpli, gurluş entek çykyp ýetişmänkä «smartfonyň......

20.06.2026 09:37
2.2k+

99,9% takyklyk: «Helios» kwant kompýuteri täze dünýä rekordyny goýdy

Sandia kompaniýasynyň amerikan hünärmenleri 98 kwbitlik täze «Helios» kwant kompýuterini görkezdiler. Enjam bazarda elýeterli bolan ähli täjirçilik gurluşlarynyň arasynda hasaplamalaryň takyklygy boýunça......