Apple we Samsung ulanýanlar öz markalaryna örän wepaly bolup çykdy: pikir soraşma nämeleri görkezdi?

  • 23.04.2026 16:17
  • 3.4k+

ABŞ-nyň ýaşaýjylarynyň arasynda geçirilen täze barlaglar smartfon ulanyjylarynyň häzirki ulanýan markalaryna bolan ygrarlylygynyň 2021-nji ýyldan bäri iň ýokary derejä ýetendigini görkezdi.

Maglumatlara görä, sarp edijiler özlerine tanyş bolan tehnikalary satyn almagy makul görýärler, bu bolsa hytaýly öndürijileriň Amerika bazaryna aralaşmak mümkinçiligini puja çykarýar diýen ýaly.

Soňky bäş ýylyň dowamynda ulanyjylaryň wepalylyk derejesiniň üýtgeýşi şeýle görnüşde boldy:

  • iPhone ulanyjylarynyň wepalylygy 91,9%-den 94,6%-e çenli ýokarlandy;
  • Android platformasyna bolan umumy ygrarlylyk görkezijisi 86,4% boldy;
  • Samsung markasyna bolan wepalylyk 74%-den 90,1%-e çenli ösdi;
  • Google smartfonlaryna bolan ygrarlylyk bolsa 65,2%-den 86,8%-e çenli ýokarlandy.

Umumy durnuklylyga garamazdan, Android ulanyjylarynyň arasynda indiki gezek başga platforma geçmäge taýýar bolanlaryň sany Apple ulanyjylaryndan dört esse köpdür. Şol bir wagtyň özünde, başga markany ulanmagy meýilleşdirýän iPhone eýeleriniň agramly bölegi beýleki öndürijileriň hödürleýän önümlerini nazara alman, diňe Samsung markasyny saýlaýarlar.


şu gün 11:01
2.3k+

Samsung «kerpiç» şekilli açylýan smartfona patent aldy

Samsung kompaniýasy eplenýän, çeýe we düýrlenýän displeý tehnologiýalaryny özünde jemleýän smartfon üçin patent aldy. Resminamalara görä, enjam ykjam korpusdan kiçiräk planşet ululygyndaky ekrana öwrülmäge......

düýn 23:26
2.1k+

Meta ilkinji gezek öz brendi bilen «akylly» äýnekleri hödürledi

Meta kompaniýasy EssilorLuxottica (Ray-Ban, Oakley we beýleki brendleriň eýesi) bilen bilelikde döreden Meta Glasses «akylly» äýneklerini görkezdi. «Bloomberg» agentliginiň bellemegine görä, kompaniýa şeýle......

23.06.2026 18:51
5.5k+

Täze Honor X80 Pro Max smartfony çykyp-çykmanka Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi

Honor kompaniýasy sygymy 11 000 mA/sag bolan akkumulýator bilen üpjün edilen X80 Pro Max smartfonyny resmi taýdan hödürledi. Şeýle uly göwrümli batareýasy sebäpli, gurluş entek çykyp ýetişmänkä «smartfonyň......

20.06.2026 09:37
2.1k+

99,9% takyklyk: «Helios» kwant kompýuteri täze dünýä rekordyny goýdy

Sandia kompaniýasynyň amerikan hünärmenleri 98 kwbitlik täze «Helios» kwant kompýuterini görkezdiler. Enjam bazarda elýeterli bolan ähli täjirçilik gurluşlarynyň arasynda hasaplamalaryň takyklygy boýunça......