ChatGPT-ä AccuWeather tarapyndan hödürlenýän howa maglumaty goşuldy

  • 08.04.2026 10:50
  • 1.6k+

ChatGPT ulgamynda "AccuWeather" goşundysy elýeterli boldy, onuň kömegi bilen ulanyjylar on güne çenli bolan howa çaklamasyny alyp bilerler.

Bu funksiýadan peýdalanmak üçin hyzmaty öz ChatGPT profiliňize birikdirmeli. Şondan soňra dialog penjiresinde @ simwolynyň üsti bilen "AccuWeather" hyzmatyny saýlap, sorag bermek mümkindir. Bu hyzmat islendik ýerdäki häzirki howa ýagdaýy, şeýle hem ýakyn günler üçin temperatura, ýagyn, şemal we beýleki görkezijiler barada maglumat berýär.

Maglumatlaryň takyklygyny ýokarlandyrmak üçin sebitiň taryhy maglumatlaryndan we resmi duýduryşlardan peýdalanylýandygy bellenilýär.

Mundan ozal OpenAI kompaniýasynyň ChatGPT-ni, programlaşdyrmak üçin niýetlenen "Codex AI" guralyny we emeli aň esasyndaky "Atlas" brauzerini özünde jemleýän täze "super-goşundynyň" üstünde işleýändigi habar berlipdi.

Mart aýynda kompaniýa özüniň öňdebaryjy modeliniň iki sany ykjam görnüşini — GPT-5.4 mini we GPT-5.4 nano modellerini hem tanyşdyrdy. Olar programlaşdyrmaga kömek etmek, şekiller bilen işlemek we multimodal goşundylar ýaly has çalt hem-de tygşytly wezipeleri ýerine ýetirmek üçin niýetlenendir.


şu gün 08:32
583

Ýat mikroshemalarynyň gymmatlamagy sebäpli dünýäde smartfon önümçiligi azaldy

TrendForce analitiki kompaniýasy 2026-njy ýylyň birinji çärýegi üçin dünýäniň smartfon bazarynyň ýagdaýy barada hasabatyny neşir etdi. Onuň maglumatlaryna görä, şu ýylyň ilkinji üç aýynyň dowamynda dünýäde,......

düýn 23:56
1.2k+

Emeli aň Abu-Dabide ilkinji gezek dyz bogunlaryny bölekleýin çalşyrmak operasiýasyny geçirdi

Abu-Dabide robot tehnologiýalaryny we emeli aňyň üsti bilen dyz bogunlaryny bölekleýin çalşyrmak boýunça ilkinji operasiýa ýerine ýetirildi. Emirates News Agency (WAM) agentliginiň habar bermegine görä, bu......

09.06.2026 23:04
2.8k+

Apple täze dizaýn we 200-den gowrak gowulaşdyrma bilen iOS 27 ulgamyny hödürledi

WWDC 2026 maslahatynyň çäklerinde Apple kompaniýasy iOS 27 operasion ulgamyny resmi taýdan görkezdi. Bu ulgamyň iň esasy täzelikleriniň biri emeli aňyň esasyndaky Siri-niň täze görnüşi boldy, ýöne täzelenme......

08.06.2026 17:00
3.3k+

Innovega kompaniýasy görüjiligi pes adamlar üçin «Gen One» akylly äýnegini hödürledi

Innovega kompaniýasy agramy 70 grama-da ýetmeýän «Gen One» akylly äýnegini hödürledi. Enjam daş-töweregiň şekilini görüjiligi pes adamlaryň aýratynlyklaryna laýyklykda özgertmäge we sazlamaga niýetlenendir....