Täze trend: goýy gyzyl iPhone 18 Pro barada myş-myşlar smartfon bazaryna täsir edip başlady

  • 20.04.2026 10:06
  • 6.1k+

Macworld portaly Apple-iň geljekki flagmanlarynyň — iPhone 18 Pro we Pro Max modelleriniň bolup biljek reňkleri barada habar berdi. Neşiriň maglumatyna görä, kompaniýa «Dark Cherry» adyny alan goýy gyzyl reňki göz öňünde tutýar.

Bu täze reňk iPhone 17 Pro satuwa çykan pursatynda ony iň trend we isleg bildirilýän modelleriň birine öwren «Cosmic Orange» reňkini çalşyryp biler.

Çeşmeler Apple-iň häzirlikçe gutarnykly görnüşleri tassyklamandygyny we dürli reňkleri synagdan geçirmegi dowam edýändigini belleýär. Muňa garamazdan, çakyr reňkine ýakyn bolan goýy gyzyl reňkiň täze seriýada peýda bolmagy örän ähtimaldyr. Ol «Cosmic Orange» reňki ýaly ýiti bolmaz, ýöne özüne çekijiligini saklar. Şeýle hem korpusyň kümüşsöw, goýy çal we açyk mawy reňkli görnüşlerine seredilýär. Macworld bu maglumatlary görkezýän render suratlaryny hödürledi.

Mundan başga-da, neşiriň habar bermegine görä, eplenýän iPhone Ultra (Fold) kümüşsöw-ak we goýy gök reňklerde çykyp biler. Maglumatlara görä, enjam açyk ýagdaýynda, takmynan, 4,7 mm ýogynlykda bolar. Täze modelleriň tanyşdyrylyşynyň 2026-njy ýylyň sentýabrynda bolmagyna garaşylýar.

Hytaýly insaýder Digital Chat Station-yň berýän maglumatyna görä, bu myş-myşlaryň peýda bolmagy bilen Android smartfonlaryny öndürijiler eýýäm häzirden goýy gyzyl reňkli gurluşlary taýýarlap başlady. Kompaniýalar şeýle prototipleri synagdan geçirýär we smartfonlary 2026-njy ýylyň ahyrynda — 2027-nji ýylyň başynda çykarmagy meýilleşdirýär.

Financial Times-yň maglumatyna görä, iPhone 17 Pro üçin saýlanan «Cosmic Orange» reňki Apple-iň Hytaýdaky satuwynyň 38% artmagyna ýardam etdi. Täze reňk tendensiýasynyň hem bazara şeýle täsir etmegine garaşylýar.


şu gün 10:51
72

OpenAI özüniň ilkinji «Jalapeno» EA-çibini synagdan geçirip başlady

OpenAI kompaniýasy eýýäm öwredilen emeli aň modellerini işletmek üçin niýetlenen «Jalapeno» atly ýöriteleşdirilen çibiniň ilkinji nusgalarynyň taýýardygyny we ony synagdan geçirip başlandygyny mälim etdi.......

24.06.2026 23:26
2.9k+

Meta ilkinji gezek öz brendi bilen «akylly» äýnekleri hödürledi

Meta kompaniýasy EssilorLuxottica (Ray-Ban, Oakley we beýleki brendleriň eýesi) bilen bilelikde döreden Meta Glasses «akylly» äýneklerini görkezdi. «Bloomberg» agentliginiň bellemegine görä, kompaniýa şeýle......

23.06.2026 18:51
6k+

Täze Honor X80 Pro Max smartfony çykyp-çykmanka Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi

Honor kompaniýasy sygymy 11 000 mA/sag bolan akkumulýator bilen üpjün edilen X80 Pro Max smartfonyny resmi taýdan hödürledi. Şeýle uly göwrümli batareýasy sebäpli, gurluş entek çykyp ýetişmänkä «smartfonyň......

20.06.2026 09:37
2.2k+

99,9% takyklyk: «Helios» kwant kompýuteri täze dünýä rekordyny goýdy

Sandia kompaniýasynyň amerikan hünärmenleri 98 kwbitlik täze «Helios» kwant kompýuterini görkezdiler. Enjam bazarda elýeterli bolan ähli täjirçilik gurluşlarynyň arasynda hasaplamalaryň takyklygy boýunça......