Täze Huawei AI Glasses äýnekleri arkaly düşürilen ilkinji surat çap edildi

  • 10.04.2026 20:33
  • 3.3k+

Huawei kompaniýasynyň sarp ediş harytlary bölüminiň baş direktory He Gan täze emeli aň tehnologiýaly "Huawei AI Glasses" äýnekleriniň kömegi bilen düşürilen ilkinji suraty paýlaşdy.

Çap edilen suratda ýolbaşçynyň elindäki ýumşak oýunjak şekillendirilipdir. Suratyň üstündäki enjamyň resmi “suw gorag belgisi” täze önümiň adyny we onuň satuwa çykmaga taýýardygyny tassyklaýar.

He Gan bu suratyň ýanynda enjamyň gyzykly funksiýalary barada ilkinji bolup bilmek üçin täzelenmeleri yzarlamaga çagyrdy.

"Huawei AI Glasses" äýnekleriniň resmi tanyşdyrylyşynyň eýýäm şu aýyň dowamynda geçirilmegine garaşylýar.

Ähtimal, bu täze önüm "Pura 90" seriýasynyň smartfonlary we brendiň täze eplenýän telefony bilen bir wagtda tanyşdyrylar.


09.06.2026 23:04
2.6k+

Apple täze dizaýn we 200-den gowrak gowulaşdyrma bilen iOS 27 ulgamyny hödürledi

WWDC 2026 maslahatynyň çäklerinde Apple kompaniýasy iOS 27 operasion ulgamyny resmi taýdan görkezdi. Bu ulgamyň iň esasy täzelikleriniň biri emeli aňyň esasyndaky Siri-niň täze görnüşi boldy, ýöne täzelenme......

08.06.2026 17:00
3.2k+

Innovega kompaniýasy görüjiligi pes adamlar üçin «Gen One» akylly äýnegini hödürledi

Innovega kompaniýasy agramy 70 grama-da ýetmeýän «Gen One» akylly äýnegini hödürledi. Enjam daş-töweregiň şekilini görüjiligi pes adamlaryň aýratynlyklaryna laýyklykda özgertmäge we sazlamaga niýetlenendir....

07.06.2026 20:11
1.9k+

Acer akylly äýnek bazaryna emeli aňy we giňeldilen hakykaty öz içine alýan iki model bilen girýär

Taýwanyň Acer kompaniýasy garaşylmadyk ýagdaýda çalt ösýän akylly äýnek bazaryna girýändigini yglan etdi we içerki emeli aňy bolan tehnologik taýdan tapawutlanýan iki modeli görkezdi....

07.06.2026 17:01
2.1k+

Claude-ni döredijiler emeli aňyň ösüşini haýallatmaga çagyrdylar

Claude emeli aň modelini işläp düzen Anthropic kompaniýasy EA tehnologiýalarynyň ösüşini haýallatmak ýa-da wagtlaýynça togtatmaga çagyrýan makalany çap etdi. Bu ylmy makalanyň awtordaşy kompaniýanyň......