Samsung Galaxy S26 hatarynyň bahalaryny 200 dollara çenli arzanlatdy

  • 10.04.2026 06:17
  • 7k+

Samsung kompaniýasy ABŞ-da Galaxy S26 hatarynyň smartfonlarynyň bahalaryny gönüden-göni peseltmek boýunça aksiýa başlatdy. Kompaniýa "trade-in" (ulanylan enjamy täzesine çalşyrmak) maksatnamasyny ulanmazdan, 200 dollara çenli bada-bat arzanladyş hödürleýär.

11-nji martda başlanan satuwlardan takmynan bir aý soň amala aşyrylan bu çäre, täze flagmanlara bolan alyjylyk islegini höweslendirmäge gönükdirilendir.

Dessine arzanladyşyň möçberi aşakdaky ýaly paýlanýar:

  • Galaxy S26 — $100 (indi bahasy $800-dan başlaýar);
  • Galaxy S26+ — $100 (bahasy $1000-dan başlaýar);
  • Galaxy S26 Ultra — $200 (bahasy $1100-dan başlaýar).

Aksiýa ýat göwrüminiň ähli wariantlary we reňk saýlawlary üçin hereket edýär.

Mundan ozal, Germaniýada hem Galaxy S26 hataryndaky enjamlaryň bahasynyň 465 ýewro çenli düşendigi hasaba alnypdy. Bu ýagdaý kompaniýanyň häzirki satuw görkezijilerine görä öz bazary strategiýasyna düzediş girizýändigini görkezip biler.


şu gün 08:32
583

Ýat mikroshemalarynyň gymmatlamagy sebäpli dünýäde smartfon önümçiligi azaldy

TrendForce analitiki kompaniýasy 2026-njy ýylyň birinji çärýegi üçin dünýäniň smartfon bazarynyň ýagdaýy barada hasabatyny neşir etdi. Onuň maglumatlaryna görä, şu ýylyň ilkinji üç aýynyň dowamynda dünýäde,......

düýn 23:56
1.2k+

Emeli aň Abu-Dabide ilkinji gezek dyz bogunlaryny bölekleýin çalşyrmak operasiýasyny geçirdi

Abu-Dabide robot tehnologiýalaryny we emeli aňyň üsti bilen dyz bogunlaryny bölekleýin çalşyrmak boýunça ilkinji operasiýa ýerine ýetirildi. Emirates News Agency (WAM) agentliginiň habar bermegine görä, bu......

09.06.2026 23:04
2.8k+

Apple täze dizaýn we 200-den gowrak gowulaşdyrma bilen iOS 27 ulgamyny hödürledi

WWDC 2026 maslahatynyň çäklerinde Apple kompaniýasy iOS 27 operasion ulgamyny resmi taýdan görkezdi. Bu ulgamyň iň esasy täzelikleriniň biri emeli aňyň esasyndaky Siri-niň täze görnüşi boldy, ýöne täzelenme......

08.06.2026 17:00
3.3k+

Innovega kompaniýasy görüjiligi pes adamlar üçin «Gen One» akylly äýnegini hödürledi

Innovega kompaniýasy agramy 70 grama-da ýetmeýän «Gen One» akylly äýnegini hödürledi. Enjam daş-töweregiň şekilini görüjiligi pes adamlaryň aýratynlyklaryna laýyklykda özgertmäge we sazlamaga niýetlenendir....