Huawei Pura 90 Pro we Pro Max modellerini yglan etdi: ilkinji suratlar peýda boldy

  • 15.04.2026 14:15
  • 2.4k+

Huawei täze flagman smartfonlar seriýasy bolan Pura 90-yň çykaryljakdygyny habar berdi. Bu seriýa Pura 90 Pro we Pura 90 Pro Max modelleri girer. Olar 20-nji aprelde Hytaýda tanyşdyrylar. Kompaniýa bu gezek "Ultra" wersiýasyny çykarmazlyk kararyna geldi.

Iki model hem Pura 80 seriýasyna meňzeş, ýöne käbir üýtgeşmeler girizildi. Gapdal gyralary göni bolup, ekranyň daşyndaky ramkalar has inçeldi. Esasy tapawudy — yzky paneliniň açyk gradient reňkleridir. Insaýderleriň maglumatyna görä, bu dizaýn Huawei P20 Pro modelini ýatladýar.

Smartfonlar aşakdaky ýat we operatiw ýat (RAM) görnüşlerinde elýeterli bolar: 12/256 GB, 12/512 GB, 16/512 GB we 16 GB / 1 TB.

Reňk görnüşleri:

  • Huawei Pura 90 Pro: Mulberry Black (gara), Coconut White (ak), Orange Soda (narynç), Pink Guava (gyrmyzy);
  • Huawei Pura 90 Pro Max: Obsidian Black (gara), Dawn Gold (altynsöw), Purple Sunset (benewşe), Orange Ocean (narynç), Emerald Lake (zümerret ýaşyl).

Kameralar ulgamynda esasy modul, ultra giň burçly linza we suratlary işlemek hem-de zoom funksiýasy üçin jogap berýän XMAGE ulgamly periskopik tele-obýektiw bar.

Gurluşlaryň Kirin 9030 Pro 9 ýadroly prosessory bilen üpjün edilmegine, HarmonyOS 6 operasion ulgamynda işlemegine hem-de ýady we fon proseslerini dolandyrmak üçin HyperSpace Memory tehnologiýasyny goldamagyna garaşylýar.

Iki model hem eýýäm Hytaýda deslapky sargyt üçin açyk, emma bahalary entek aýan edilmedi. Global bazara çykaryljak wagty barada häzirlikçe maglumat ýok.


düýn 23:26
963

Meta ilkinji gezek öz brendi bilen «akylly» äýnekleri hödürledi

Meta kompaniýasy EssilorLuxottica (Ray-Ban, Oakley we beýleki brendleriň eýesi) bilen bilelikde döreden Meta Glasses «akylly» äýneklerini görkezdi. «Bloomberg» agentliginiň bellemegine görä, kompaniýa şeýle......

23.06.2026 18:51
5.1k+

Täze Honor X80 Pro Max smartfony çykyp-çykmanka Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi

Honor kompaniýasy sygymy 11 000 mA/sag bolan akkumulýator bilen üpjün edilen X80 Pro Max smartfonyny resmi taýdan hödürledi. Şeýle uly göwrümli batareýasy sebäpli, gurluş entek çykyp ýetişmänkä «smartfonyň......

20.06.2026 09:37
2.1k+

99,9% takyklyk: «Helios» kwant kompýuteri täze dünýä rekordyny goýdy

Sandia kompaniýasynyň amerikan hünärmenleri 98 kwbitlik täze «Helios» kwant kompýuterini görkezdiler. Enjam bazarda elýeterli bolan ähli täjirçilik gurluşlarynyň arasynda hasaplamalaryň takyklygy boýunça......

19.06.2026 22:31
6.5k+

Gobi çölünde 45°C yssyda 17 sagat: Honor X80 Pro Max üýtgeşik synagdan geçirildi

Resmi premýeranyň öň ýanynda täze Honor X80 Pro Max smartfony çydamlylyk boýunça üýtgeşik synagdan geçirildi. Synaglary Gobi çölüniň töwereginde işleýän kosmos pudagynyň inženerleri geçirdi....