Huawei içinde gulaklyk ýerleşdirilen «Watch Buds 2» «akylly» sagadyny hödürledi

  • 20.04.2026 20:11
  • 3.4k+

Huawei kompaniýasy «Pura 90» smartfon seriýasynyň tanyşdyrylyşy bilen bilelikde, özüniň innowasion önümi bolan «Watch Buds 2» akylly sagadynyň ikinji neslini resmi taýdan görkezdi. Bu enjam, gulaklyklary göni sagadyň korpusynyň içinde saklamak we zarýad bermek ýaly öňdebaryjy tehnologiýasy bilen bazarda tapawutlanýar.

Sagadyň korpusynda aerokosmos derejeli titanyň ulanylmagy, onuň öňki modelden 200% çydamly bolmagyny üpjün edýär. 1,5 dýuýmlyk, ýokary hilli ekranyň ýagtylygynyň 3000 nit derejesine ýetmegi Gün şöhlesinde-de aýdyň görünmegini kepillendirýär. Sagadyň özi bir gezek zarýad bilen 3 güne çenli işleýär.

Her biri 4 gram agramyndaky gulaklyklaryň simmetrikdigi sebäpli olar «çep» ýa-da «sag» gulak diýip bölünmeýär. Onda şuwwuldyny basýan (ANC) we daşky sesi eşitmäge mümkinçilik berýän «dury ses» (transparency) režimleri bar.

Gulaklyk şuwwuldyny basýan režimi bilen 3 sagat, onsuz 4 sagada çenli işlemäge ukyply.

«Watch Buds 2» saglygyňy ýakyndan yzarlamak üçin hem giň gerimli funksiýalar bilen üpjün edilen. Olar pulsuňy, gandaky kislorodyň derejesini, stresiň we ukynyň hilini yzygiderli yzarlaýar. Şeýle-de oňa ganda şekeriň ýokary bolmak töwekgelçiligini bahalandyrmak we ukyda dem almagyň kesilmegine gözegçilik etmek funksiýalary-da goşuldy.

Gulaklykly «akylly» sagat takmynan 510 dollar bahada, kümüş we gara-çal reňklerde hödürlenýär.


düýn 09:37
1.7k+

99,9% takyklyk: «Helios» kwant kompýuteri täze dünýä rekordyny goýdy

Sandia kompaniýasynyň amerikan hünärmenleri 98 kwbitlik täze «Helios» kwant kompýuterini görkezdiler. Enjam bazarda elýeterli bolan ähli täjirçilik gurluşlarynyň arasynda hasaplamalaryň takyklygy boýunça......

19.06.2026 22:31
5.4k+

Gobi çölünde 45°C yssyda 17 sagat: Honor X80 Pro Max üýtgeşik synagdan geçirildi

Resmi premýeranyň öň ýanynda täze Honor X80 Pro Max smartfony çydamlylyk boýunça üýtgeşik synagdan geçirildi. Synaglary Gobi çölüniň töwereginde işleýän kosmos pudagynyň inženerleri geçirdi....

19.06.2026 18:36
908

ABŞ-nyň hökümeti Anthropic-iň iki EA modeliniň işini gadagan etdi

Anthropic kompaniýasy ABŞ-nyň häkimiýetlerinden daşary ýurt raýatlarynyň bu ulgamlary ulanmagyny çäklendirýän görkezmäni alandan soň, Fable 5 we Mythos 5 modellerine elýeterliligi bes edendigini habar berdi....

17.06.2026 11:15
2.6k+

Xiaomi «Madrid» diýen wagtlaýyn at bilen täze telefon çykarmaga taýýarlanýar

Xiaomi kompaniýasynyň «Madrid» diýen gizlin atly täze smartfony ilkinji gezek halkara ykjam enjamlaryň (GSMA IMEI) maglumatlar gorunda peýda boldy. Bu ýagdaý täze telefonuň tiz wagtda satuwa çykaryljakdygynyň......