iPhone bejermek üçin iň ýaramsyz smartfon diýlip ykrar edildi

  • 14.04.2026 16:42
  • 2.9k+

Sarp edijileriň hukuklaryny goramak we jemgyýetiň bähbitlerini öňe sürmek bilen meşgullanýan amerikan täjirçilik däl guramalarynyň federasiýasy U.S. PIRG bejerilmesi kyn smartfonlar baradaky «Failing the Fix» ýyllyk hasabatyny hödürledi. Bu sanawyň iň ýokarsynda iPhone ýerleşdi.

Şu ýyl baha bermek işleri Ýewropanyň täze EPREL ulgamy boýunça amala aşyryldy. Ol enjamlary sökmegiň kynlygyny, ätiýaçlyk şaýlarynyň elýeterliligini, zerur gurallary we tehniki resminamalaryň bar bolmagyny göz öňünde tutýar.

Barlaglaryň netijesine görä, Apple kompaniýasy «D-», Samsung bolsa «D» bahasyny aldy. Iki kompaniýa hem sanawyň iň aşagynda ýerleşdi.

Pes bahalaryň berilmeginiň sebäpleriniň biri — kompaniýalaryň aýdanlary bilen resmi maglumatlaryň çapraz gelmegi boldy. Kompaniýalar öz mahabatlarynda enjamlaryň uzak wagtlap goldanylýandygy bilen öwünýär. Ýöne EPREL bazasynda enjamlaryň programma üpjünçiliginiň täzelenme möhletiniň diňe bäş ýyldygy görkezilýär.

Şeýle hem, öndürijileriň tehnikalary özbaşdak bejermek hukugynyň giňeldilmegine garşy çykyş edýän pudaklaýyn birleşiklere gatnaşýandygy bellenilýär.

Noutbuklar segmentinde Apple «C-», Lenovo bolsa «C» bahasyny aldy. Bu ugurda Asus we Acer kompaniýalary has ýokary netijeleri görkezdi.


20.06.2026 09:37
1.9k+

99,9% takyklyk: «Helios» kwant kompýuteri täze dünýä rekordyny goýdy

Sandia kompaniýasynyň amerikan hünärmenleri 98 kwbitlik täze «Helios» kwant kompýuterini görkezdiler. Enjam bazarda elýeterli bolan ähli täjirçilik gurluşlarynyň arasynda hasaplamalaryň takyklygy boýunça......

19.06.2026 22:31
5.9k+

Gobi çölünde 45°C yssyda 17 sagat: Honor X80 Pro Max üýtgeşik synagdan geçirildi

Resmi premýeranyň öň ýanynda täze Honor X80 Pro Max smartfony çydamlylyk boýunça üýtgeşik synagdan geçirildi. Synaglary Gobi çölüniň töwereginde işleýän kosmos pudagynyň inženerleri geçirdi....

19.06.2026 18:36
964

ABŞ-nyň hökümeti Anthropic-iň iki EA modeliniň işini gadagan etdi

Anthropic kompaniýasy ABŞ-nyň häkimiýetlerinden daşary ýurt raýatlarynyň bu ulgamlary ulanmagyny çäklendirýän görkezmäni alandan soň, Fable 5 we Mythos 5 modellerine elýeterliligi bes edendigini habar berdi....

17.06.2026 11:15
2.7k+

Xiaomi «Madrid» diýen wagtlaýyn at bilen täze telefon çykarmaga taýýarlanýar

Xiaomi kompaniýasynyň «Madrid» diýen gizlin atly täze smartfony ilkinji gezek halkara ykjam enjamlaryň (GSMA IMEI) maglumatlar gorunda peýda boldy. Bu ýagdaý täze telefonuň tiz wagtda satuwa çykaryljakdygynyň......