Google Play-de teswirler boýunça gözleg funksiýasy peýda boldy

  • 09.04.2026 09:22
  • 1.5k+

Google kompaniýasy Play Market-de teswirler boýunça gözleg funksiýasyny hödürledi. Bu funksiýa ulanyja ýüklemek isleýän goşundysy barada özüni gyzyklandyrýan soraga jogap tapmak üçin birtopar teswirleri dörüp, wagt ýitirmezlige mümkinçilik berýär.

«Android Authority» neşiriniň habar bermegine görä, geçen ýylyň noýabr aýynda žurnalistler bu funksiýanyň synagdan geçirilýändigini aýdypdy, ýöne şol wagt ony işledip bolmady. Google ýakynda agzalan funksiýanyň Play Store dükanynyň täzelenmesi bilen işe girizilendigini tassyklady.

Täze funksiýany ulanmak üçin islendik goşundynyň ýokarky bölegindäki reýtinge, soňra «Ähli teswirleri görkez» (Посмотреть все отзывы) düwmesine basmaly. Ondan soň «Teswirler we reýtingler» bölümine çenli aşak süýşürmeli. Emeli aň tarapyndan taýýarlanan gysgaça maglumatyň edil aşagynda lupanyň şekiljigi görner. Oňa basylanda, teswirler bölümi ekranyň ýokarsyna süýşer we gözleg setiri peýda bolar.

Gözleg setirine programma üpjünçiliginiň zerur häsiýetlerini ýazyp, girizmek düwmesine basanyňyzdan soň, ulanyjyny gyzyklandyrýan sözleri öz içine alýan teswirler peýda bolar.

Häzirki wagtda teswirler ýazylan pursatynda derrew görünmeýär we bu funksiýa diňe gözleg soragyna laýyk gelýän teswirleri tapmaga mümkinçilik berýär. Şeýle hem, ulanyjy häzirlikçe gözleg setiriniň aşagyndaky diňe meşhur mowzuklar üçin niýetlenen kömekçi sözleri ulanyp bilýär. Ýene bir çäklendirme, netijeler diňe birje söz ýazylanda görünmeýär, ýagny soragda hökman birnäçe sözi ulanmak gerek.

Play Store-daky bu gözleg funksiýasyndan peýdalanmak üçin goşundyny 50.7.24-31 wersiýasyna çenli täzelemeli.


09.06.2026 23:04
2.6k+

Apple täze dizaýn we 200-den gowrak gowulaşdyrma bilen iOS 27 ulgamyny hödürledi

WWDC 2026 maslahatynyň çäklerinde Apple kompaniýasy iOS 27 operasion ulgamyny resmi taýdan görkezdi. Bu ulgamyň iň esasy täzelikleriniň biri emeli aňyň esasyndaky Siri-niň täze görnüşi boldy, ýöne täzelenme......

08.06.2026 17:00
3.2k+

Innovega kompaniýasy görüjiligi pes adamlar üçin «Gen One» akylly äýnegini hödürledi

Innovega kompaniýasy agramy 70 grama-da ýetmeýän «Gen One» akylly äýnegini hödürledi. Enjam daş-töweregiň şekilini görüjiligi pes adamlaryň aýratynlyklaryna laýyklykda özgertmäge we sazlamaga niýetlenendir....

07.06.2026 20:11
1.9k+

Acer akylly äýnek bazaryna emeli aňy we giňeldilen hakykaty öz içine alýan iki model bilen girýär

Taýwanyň Acer kompaniýasy garaşylmadyk ýagdaýda çalt ösýän akylly äýnek bazaryna girýändigini yglan etdi we içerki emeli aňy bolan tehnologik taýdan tapawutlanýan iki modeli görkezdi....

07.06.2026 17:01
2.1k+

Claude-ni döredijiler emeli aňyň ösüşini haýallatmaga çagyrdylar

Claude emeli aň modelini işläp düzen Anthropic kompaniýasy EA tehnologiýalarynyň ösüşini haýallatmak ýa-da wagtlaýynça togtatmaga çagyrýan makalany çap etdi. Bu ylmy makalanyň awtordaşy kompaniýanyň......