Sanly gandallar: işjeň çatlar we habarlar boş wagtyňy nähili ogurlaýar

  • 16.04.2026 16:25
  • 1.6k+

Bir wagtlar iş güni işgärleriň ofisden çykmagy bilen gutarýardy. Häzirki wagtda işgäriň ýene işe dümtünip galmagy üçin ýekeje habaryň gelmegi ýeterlik.

Smartfonlar, messenjerler, bulut hyzmatlary we “akylly” enjamlar işi has çeýe etdi we çaltlaşdyrdy. Indi ýolda e-poçta jogap berip, öýde duşuşyk geçirip ýa-da nobata goýlan işi tamamlap bolýar. Göräýmäge tehnologiýa adamlara has köp boş wagt beren ýaly. Ýöne şol bir wagtyň özünde, ol iş bilen şahsy durmuşyň arasyndaky çägi ümsümlik bilen ýok etdi.

International Journal of Electronic Finance žurnalynda çap edilen täze barlag sanly amatlylygyň ýaramaz taraplaryna ünsi çekýär. Görlüp oturylsa, yzygiderli elýeterlilik aýdylmaýan kada öwrüldi. Işjeň çatlar, hatda agşamara-da, dynç günleri hem dynuwsyz söhbetdeşlikde we derhal jogaba garaşmak inkär edip bolmajak basyşa öwrülýär.

Şeýdibem tehnostress - adamlaryň barha köp uçraýan ýagdaýy döreýär. Bu häki bir enjamlardan ýadamak däl. Bu hemişe "aragatnaşykda bolmalydygyň baradaky" borç duýgy, maglumatlar akymyndan ýaňa döreýän howsala we tehnologiýa näsazlyk tapsa, gaharyň gelmegi. Barlaglaryň görkezmegine görä, stresi hasam güýçlendirýän zat - hut näsazlyklar: ulgam doňanda ýa-da programma işlemedik wagty, adam elini-aýagyny ýitirýär we näme etjegini bilmeýär.

Geň ýeri, öndürijiligi ýokarlandyrmak üçin niýetlenen gurallaryň, tersine, işlemäge päsgel berip başlamagydyr. Bir wagtlar dynç almaga sarp edilýän wagt kem-kemden alada bilen doldurylyp barýar. Çeýe iş tertibi bolsa iş gününiň çürt-kesik tamamlanýan wagtynyň ýokdugyny aňladýar.

Bu üýtgeşmeler şahsy rahatlygyň çäginden çykyp gidýär. Barlagçylar toplanýan stresiň ruhy saglyga täsir edýändigini, işgärleriň durnuklylygyny peseldýändigini we soňlugy bilen ykdysadyýete täsir etjekdigini belleýärler.

Mesele tehnologiýanyň zerur-zerur däldiginde däl — häzirki zamanyň işini onsuz göz öňüne getirmek mümkin däl. Mesele başga zatda: sanly gurallaryň ýöne kömekçi bolmagynda galyp, olaryň wagta 24/7 gözegçilik edýän gurala öwrülmezligi üçin, serhedi nireden çekmeli diýen sowalda.


düýn 18:51
3k+

Täze Honor X80 Pro Max smartfony çykyp-çykmanka Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi

Honor kompaniýasy sygymy 11 000 mA/sag bolan akkumulýator bilen üpjün edilen X80 Pro Max smartfonyny resmi taýdan hödürledi. Şeýle uly göwrümli batareýasy sebäpli, gurluş entek çykyp ýetişmänkä «smartfonyň......

20.06.2026 09:37
2.1k+

99,9% takyklyk: «Helios» kwant kompýuteri täze dünýä rekordyny goýdy

Sandia kompaniýasynyň amerikan hünärmenleri 98 kwbitlik täze «Helios» kwant kompýuterini görkezdiler. Enjam bazarda elýeterli bolan ähli täjirçilik gurluşlarynyň arasynda hasaplamalaryň takyklygy boýunça......

19.06.2026 22:31
6.4k+

Gobi çölünde 45°C yssyda 17 sagat: Honor X80 Pro Max üýtgeşik synagdan geçirildi

Resmi premýeranyň öň ýanynda täze Honor X80 Pro Max smartfony çydamlylyk boýunça üýtgeşik synagdan geçirildi. Synaglary Gobi çölüniň töwereginde işleýän kosmos pudagynyň inženerleri geçirdi....

19.06.2026 18:36
1k+

ABŞ-nyň hökümeti Anthropic-iň iki EA modeliniň işini gadagan etdi

Anthropic kompaniýasy ABŞ-nyň häkimiýetlerinden daşary ýurt raýatlarynyň bu ulgamlary ulanmagyny çäklendirýän görkezmäni alandan soň, Fable 5 we Mythos 5 modellerine elýeterliligi bes edendigini habar berdi....