Apple emeli aň üçin özüniň «Baltra» prosessoryny taýýarlaýar

  • 29.04.2026 12:05
  • 821

Apple kompaniýasy emeli aň meseleleri üçin niýetlenen, «Baltra» kod ady bilen tanalýan özüniň hususy serwer prosessoryny döretmegiň üstünde işleýär.

Bu çipiň kompaniýanyň içerki bulut infrastrukturasynda ulanylmagyna garaşylýar. Onuň esasy wezipesi emeli aň bilen baglanyşykly maglumatlary işlemekden we çylşyrymly hasaplamalary ýerine ýetirmekden ybarat bolar.

Çeşmeleriň berýän maglumatlaryna görä, prosessor TSMC kompaniýasy tarapyndan ikinji nesil 3 nm tehnologiýasy esasynda öndürilip bilner. Bu bolsa has ýokary iş tizligini we energiýa tygşytlylygyny üpjün eder. Şeýle-de Apple kompaniýasy SoIC (System on Integrated Chips) diýlip atlandyrylýan gaplama tehnologiýasyna uly maýa ýatyrýar. Bu tehnologiýa çipiň böleklerini dikligine ýerleşdirmäge mümkinçilik berip, maglumat çalşygyny çaltlandyrýar we energiýa sarp edilişini ep-esli azaldýar.

Habarlardan belli bolşy ýaly, Apple geljekki ýyllar üçin TSMC-niň önümçilik kuwwatlyklarynyň uly bölegini öňünden eýeläpdir. Bu ätiýaçlandyrylan kuwwatyň belli bir bölegi ýörite serwer çiplerini çykarmaga gönükdiriler.

Şeýlelik bilen, Apple emeli aň ulgamyndaky ähli tapgyrlara – çipleriň dizaýnyndan başlap, bulut hyzmatlarynyň işine çenli doly gözegçilik etmegi we bu ugurda özbaşdaklygyny gazanmagy maksat edinýär.


şu gün 12:35
1.1k+

iFixit «Trampofonuň» bejerilip bilinme ýagdaýyna 10 baldan 3 bal berdi

iFixit-iň hünärmenleri «Trump Mobile» smartfonuna bejerilme mümkinçiligi boýunça 10 baldan bary-ýogy 3 bal berdiler we bu enjam tutuşlygyna diýen ýaly «HTC U24 Pro» modelini gaýtalaýar diýen netijä geldiler....

şu gün 08:32
2.2k+

Ýat mikroshemalarynyň gymmatlamagy sebäpli dünýäde smartfon önümçiligi azaldy

TrendForce analitiki kompaniýasy 2026-njy ýylyň birinji çärýegi üçin dünýäniň smartfon bazarynyň ýagdaýy barada hasabatyny neşir etdi. Onuň maglumatlaryna görä, şu ýylyň ilkinji üç aýynyň dowamynda dünýäde,......

düýn 23:56
1.8k+

Emeli aň Abu-Dabide ilkinji gezek dyz bogunlaryny bölekleýin çalşyrmak operasiýasyny geçirdi

Abu-Dabide robot tehnologiýalaryny we emeli aňyň üsti bilen dyz bogunlaryny bölekleýin çalşyrmak boýunça ilkinji operasiýa ýerine ýetirildi. Emirates News Agency (WAM) agentliginiň habar bermegine görä, bu......

09.06.2026 23:04
2.8k+

Apple täze dizaýn we 200-den gowrak gowulaşdyrma bilen iOS 27 ulgamyny hödürledi

WWDC 2026 maslahatynyň çäklerinde Apple kompaniýasy iOS 27 operasion ulgamyny resmi taýdan görkezdi. Bu ulgamyň iň esasy täzelikleriniň biri emeli aňyň esasyndaky Siri-niň täze görnüşi boldy, ýöne täzelenme......