Fransiýa Windows-dan we ÝB-den daşarda öndürilen tehnologiýalardan ýüz öwürýär

  • 18.04.2026 08:22
  • 2.5k+

Fransiýa özüniň sanly özygtyýarlylygyny berkitmek maksady bilen, Windows operasion ulgamyndan we Ýewropa Bileleşiginiň çäginden daşarda döredilen beýleki tehnologiýalardan el çekmäge taýýarlanýar. Bu barada ýurduň sanly strategiýasyna degişli döwlet portaly we DINUM dolanşygy habar berýär.

Häzirki wagtda DINUM dolanşygy ähli döwlet edaralarynyň iş proseslerinde Windows-dan Linux operasion ulgamyna geçiljekdigini yglan etdi. Täze ädim daşarky tehnologiýa üpjünçilerine bolan garaşlylygy azaltmaga kömek eder.

Bu uly özgerişligi şu ýylyň güýzünde durmuşa geçirmek meýilleşdirilýär. Oňa çenli hünärmenler «Haýsy kompýuterler ulanmaly?», «Bilelikde işlemek üçin haýsy gurallar we antiwirus çözgütleri saýlanar?», «Emeli aň ulgamlary we maglumatlar bazalary nähili bolar?» ýaly soraglar boýunça gutarnykly çözgüt tapmaly bolarlar.

Bu başlangyjy Fransiýanyň Kiberhowpsuzlyk boýunça milli agentligi (ANSSI), Döwlet satyn almalary müdirligi we beýleki iri döwlet edaralary goldady.


20.06.2026 09:37
2k+

99,9% takyklyk: «Helios» kwant kompýuteri täze dünýä rekordyny goýdy

Sandia kompaniýasynyň amerikan hünärmenleri 98 kwbitlik täze «Helios» kwant kompýuterini görkezdiler. Enjam bazarda elýeterli bolan ähli täjirçilik gurluşlarynyň arasynda hasaplamalaryň takyklygy boýunça......

19.06.2026 22:31
6.1k+

Gobi çölünde 45°C yssyda 17 sagat: Honor X80 Pro Max üýtgeşik synagdan geçirildi

Resmi premýeranyň öň ýanynda täze Honor X80 Pro Max smartfony çydamlylyk boýunça üýtgeşik synagdan geçirildi. Synaglary Gobi çölüniň töwereginde işleýän kosmos pudagynyň inženerleri geçirdi....

19.06.2026 18:36
995

ABŞ-nyň hökümeti Anthropic-iň iki EA modeliniň işini gadagan etdi

Anthropic kompaniýasy ABŞ-nyň häkimiýetlerinden daşary ýurt raýatlarynyň bu ulgamlary ulanmagyny çäklendirýän görkezmäni alandan soň, Fable 5 we Mythos 5 modellerine elýeterliligi bes edendigini habar berdi....

17.06.2026 11:15
2.7k+

Xiaomi «Madrid» diýen wagtlaýyn at bilen täze telefon çykarmaga taýýarlanýar

Xiaomi kompaniýasynyň «Madrid» diýen gizlin atly täze smartfony ilkinji gezek halkara ykjam enjamlaryň (GSMA IMEI) maglumatlar gorunda peýda boldy. Bu ýagdaý täze telefonuň tiz wagtda satuwa çykaryljakdygynyň......