Apple gyralary egreldilen iPhone taýýarlaýar

  • 28.04.2026 14:34
  • 4.9k+

Apple korporasiýasy gyralary biraz egreldilen innowasion ekranly smartfony tanyşdyrmagy meýilleşdirýär.

MacRumors neşiriniň insaýderlere salgylanyp berýän habaryna görä, kompaniýa häzirki OLED-displeýlerden has inçe we has ýagty boljak ýörite Micro-Curved panellerini sargyt etmek üçin eýýäm Samsung-a ýüz tutdy.

Täze tehnologiýanyň ornaşdyrylmagyny 2027-nji ýylda ilkinji iPhone-yň satuwa çykmagynyň 20 ýyllyk ýubileýine gabatlamak meýilleşdirilýär.

Dizaýnerler egreldilen gyralaryň enjamyň ele has oňaýly oturmagyna mümkinçilik berjegini we ekranyň gyralaryndaky kontentiň ýoýulmagynyň öňüni aljakdygyny belleýärler. Şol bir wagtyň özünde, Apple estetikany we funksionallygy esasy orna goýup, Samsung-yň köne "şaglawuk-ekranly" modellerinden tapawutly, özboluşly görnüş döretmäge çalyşýar. Deslapky maglumatlara görä, ýubileý enjamynyň korpusy dolulygyyna diýen ýaly aýnadan ybarat bolar.

Täze modelleriň işlenip düzülmegi bilen bir hatarda, Apple häzirki enjamlary goldamagy hem dowam etdirýär. Aprel aýynyň ahyrynda kompaniýa örän möhüm bolan iOS 26.4.2 we iOS 18.7.8 täzelemelerini çykardy. Bu täzelemeler, ozal ýörite gulluklar tarapyndan ulanyjylary yzarlamak üçin ulanylandygy aýdylýan howpsuzlyk ulgamyndaky çynlakaý boşluklary aradan aýyrýar.


şu gün 12:35
1.1k+

iFixit «Trampofonuň» bejerilip bilinme ýagdaýyna 10 baldan 3 bal berdi

iFixit-iň hünärmenleri «Trump Mobile» smartfonuna bejerilme mümkinçiligi boýunça 10 baldan bary-ýogy 3 bal berdiler we bu enjam tutuşlygyna diýen ýaly «HTC U24 Pro» modelini gaýtalaýar diýen netijä geldiler....

şu gün 08:32
2.2k+

Ýat mikroshemalarynyň gymmatlamagy sebäpli dünýäde smartfon önümçiligi azaldy

TrendForce analitiki kompaniýasy 2026-njy ýylyň birinji çärýegi üçin dünýäniň smartfon bazarynyň ýagdaýy barada hasabatyny neşir etdi. Onuň maglumatlaryna görä, şu ýylyň ilkinji üç aýynyň dowamynda dünýäde,......

düýn 23:56
1.8k+

Emeli aň Abu-Dabide ilkinji gezek dyz bogunlaryny bölekleýin çalşyrmak operasiýasyny geçirdi

Abu-Dabide robot tehnologiýalaryny we emeli aňyň üsti bilen dyz bogunlaryny bölekleýin çalşyrmak boýunça ilkinji operasiýa ýerine ýetirildi. Emirates News Agency (WAM) agentliginiň habar bermegine görä, bu......

10.06.2026 11:22
1.8k+

OpenAI hususy bolmagyny bes etmäge taýynlanýar: ol birža çykmak üçin arza berdi

ChatGPT çat-botuny döreden OpenAI kompaniýasy paýnamalaryny biržada ilkinji gezek ýerleşdirmek (IPO) üçin resmi arza tabşyrdy. Kompaniýanyň 9-njy iýunda habar bermegine görä, bu arza gizlin görnüşde berildi we......