Android 17 agyr goşundylary awtomat ýagdaýda öçürip başlar

  • 25.04.2026 15:34
  • 1.6k+

Android 17-niň täze görnüşi ulgamy optimizasiýa etmek üçin agyr programmalaryň işini çäklendirer

Android 17-niň jemleýji beta-wersiýasynda ulgam resurslaryny aşa köp sarp edýän goşundylary ýadyndan awtomat ýagdaýda aýyrjak täze funksiýa ýüze çykaryldy. Indi operasiýa ulgamy programmalaryň dogry işlemegi üçin çäkleri özbaşdak kesgitleýär. Bu bolsa öň bütinleý öndürijileriň gözegçiliginde bolýardy.

Eger ulgam prosessora ýa-da ýada aşa agram düşürýäniň haýsydygyny anyklasa, şol goşundy mejbury ýagdaýda öçüriler. Eger gaýtadan işe girizilende çäkler ýene-de bozulsa, programma gaýtadan ýapylar.

Mundan başga-da, Android 17-de epilýän enjamlar we planşetler üçin interfeýsi sazlaşdyrmagyň berk düzgünleri girizildi.

Ulgamyň tehniki täzelenmeleri bilen bir hatarda, hünärmenler ulanyjylara enjamlaryň iş wagtyny uzaltmagyň ýönekeý usullaryny, mysal üçin iPhone-y çalt zarýadlamak üçin Apple-yň hakyky aksessuarlaryny ulanmagy ýatladý


24.06.2026 23:26
2.9k+

Meta ilkinji gezek öz brendi bilen «akylly» äýnekleri hödürledi

Meta kompaniýasy EssilorLuxottica (Ray-Ban, Oakley we beýleki brendleriň eýesi) bilen bilelikde döreden Meta Glasses «akylly» äýneklerini görkezdi. «Bloomberg» agentliginiň bellemegine görä, kompaniýa şeýle......

23.06.2026 18:51
6k+

Täze Honor X80 Pro Max smartfony çykyp-çykmanka Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi

Honor kompaniýasy sygymy 11 000 mA/sag bolan akkumulýator bilen üpjün edilen X80 Pro Max smartfonyny resmi taýdan hödürledi. Şeýle uly göwrümli batareýasy sebäpli, gurluş entek çykyp ýetişmänkä «smartfonyň......

20.06.2026 09:37
2.2k+

99,9% takyklyk: «Helios» kwant kompýuteri täze dünýä rekordyny goýdy

Sandia kompaniýasynyň amerikan hünärmenleri 98 kwbitlik täze «Helios» kwant kompýuterini görkezdiler. Enjam bazarda elýeterli bolan ähli täjirçilik gurluşlarynyň arasynda hasaplamalaryň takyklygy boýunça......

19.06.2026 22:31
6.6k+

Gobi çölünde 45°C yssyda 17 sagat: Honor X80 Pro Max üýtgeşik synagdan geçirildi

Resmi premýeranyň öň ýanynda täze Honor X80 Pro Max smartfony çydamlylyk boýunça üýtgeşik synagdan geçirildi. Synaglary Gobi çölüniň töwereginde işleýän kosmos pudagynyň inženerleri geçirdi....