Samsung özüniň messenjerini ýapýar: indi ulanyjylar Google Messages-e geçmeli bolar

  • 09.04.2026 23:14
  • 2.5k+

Samsung kompaniýasy özüniň Samsung Messages goşundysynyň işini bes edýändigi barada habar berdi. Bellenilişi ýaly, bu hyzmat şu ýylyň iýul aýyndan başlap elýeterli bolmaz. Ulanyjylara habar alyşmak üçin esasy gural hökmünde Google Messages goşundysyna geçmek maslahat berilýär.

Geçişden soň ulanyjylar media faýllaryny ýokary hilde ibermegi, toparlaýyn çatlary we hatyň ýazylýandygyny görkezýän indikatorlary göz öňünde tutýan RCS standartyna eýe bolar. Şeýle hem smartfonlaryň, planşetleriň we akylly sagatlaryň arasynda hat alyşmalaryň sinhronizasiýasy elýeterli bolar.

Google Messages goşundysyna Gemini emeli aňynyň mümkinçilikleri goşuldy, olar gönüden-göni çatlaryň içinde kontent bilen işlemäge şert döredýär. Şol bir wagtyň özünde, şahsylaşdyrma funksiýalarynyň käbiri täze goşundyda bolmaz.

Kompaniýa soňky ýyllaryň dowamynda kem-kemden öz messenjerinden ýüz öwürdi. Galaxy Fold 6 we Flip 6 modellerinden, şeýle hem Galaxy S25 hataryndan başlap, enjamlarda Google Messages esasy goşundy hökmünde oturdyldy. Samsung Messages häzirlikçe Galaxy Store dükanynda elýeterli bolmagynda galýar, onuň doly öçüriljek wagty barada goşmaça habar berler.


şu gün 08:32
583

Ýat mikroshemalarynyň gymmatlamagy sebäpli dünýäde smartfon önümçiligi azaldy

TrendForce analitiki kompaniýasy 2026-njy ýylyň birinji çärýegi üçin dünýäniň smartfon bazarynyň ýagdaýy barada hasabatyny neşir etdi. Onuň maglumatlaryna görä, şu ýylyň ilkinji üç aýynyň dowamynda dünýäde,......

düýn 23:56
1.2k+

Emeli aň Abu-Dabide ilkinji gezek dyz bogunlaryny bölekleýin çalşyrmak operasiýasyny geçirdi

Abu-Dabide robot tehnologiýalaryny we emeli aňyň üsti bilen dyz bogunlaryny bölekleýin çalşyrmak boýunça ilkinji operasiýa ýerine ýetirildi. Emirates News Agency (WAM) agentliginiň habar bermegine görä, bu......

09.06.2026 23:04
2.8k+

Apple täze dizaýn we 200-den gowrak gowulaşdyrma bilen iOS 27 ulgamyny hödürledi

WWDC 2026 maslahatynyň çäklerinde Apple kompaniýasy iOS 27 operasion ulgamyny resmi taýdan görkezdi. Bu ulgamyň iň esasy täzelikleriniň biri emeli aňyň esasyndaky Siri-niň täze görnüşi boldy, ýöne täzelenme......

08.06.2026 17:00
3.3k+

Innovega kompaniýasy görüjiligi pes adamlar üçin «Gen One» akylly äýnegini hödürledi

Innovega kompaniýasy agramy 70 grama-da ýetmeýän «Gen One» akylly äýnegini hödürledi. Enjam daş-töweregiň şekilini görüjiligi pes adamlaryň aýratynlyklaryna laýyklykda özgertmäge we sazlamaga niýetlenendir....