Infinix dünýäde ilkinji suw bilen sowadylýan smartfony çykardy

  • 28.04.2026 10:59
  • 5.1k+

Infinix kompaniýasy dünýäde ilkinji suw sowadyjy ulgamly GT 50 Pro smartfony bilen tanyşdyrdy.

Bellenilişi ýaly, şeýle çözgütler öň oýun enjamlarynda ulanylypdy, ýöne bu gezekki usul şahsy kompýuterleriň sowadyjy ulgamlarynyň işleýiş esasyna meňzeşdir.

Smartfon ulaldylan buglaýjy kamera we suwy enjamyň esasy bölekleriniň içinden aýlap, gyzgynlygy azaldýan mikrosorujyly suwuklyk ulgamy bilen üpjün edilen. Sorujynyň öndürijiligi minutda 6,5 millilitri düzýär. Suwuklygyň hereketini smartfonyň yzky panelindäki dury kanallaryň üsti bilen görüp bolýar.

Model MediaTek Dimensity 8400 Ultimate prosessory, 144 gers ýygylykly we 4500 nit ýagtylykly 6,78 dýuýmlyk ekran, şeýle-de 6500 mAs sygymly batareýa bilen enjamlaşdyrylan.

12/256 GB ýady bolan Infinix GT 50 Pro-ny 375 dollara, 12/512 GB ýatly enjamy bolsa 435 dollara satyn alyp bolar.


düýn 12:35
1.5k+

iFixit «Trampofonuň» bejerilip bilinme ýagdaýyna 10 baldan 3 bal berdi

iFixit-iň hünärmenleri «Trump Mobile» smartfonuna bejerilme mümkinçiligi boýunça 10 baldan bary-ýogy 3 bal berdiler we bu enjam tutuşlygyna diýen ýaly «HTC U24 Pro» modelini gaýtalaýar diýen netijä geldiler....

düýn 08:32
2.6k+

Ýat mikroshemalarynyň gymmatlamagy sebäpli dünýäde smartfon önümçiligi azaldy

TrendForce analitiki kompaniýasy 2026-njy ýylyň birinji çärýegi üçin dünýäniň smartfon bazarynyň ýagdaýy barada hasabatyny neşir etdi. Onuň maglumatlaryna görä, şu ýylyň ilkinji üç aýynyň dowamynda dünýäde,......

12.06.2026 23:56
2k+

Emeli aň Abu-Dabide ilkinji gezek dyz bogunlaryny bölekleýin çalşyrmak operasiýasyny geçirdi

Abu-Dabide robot tehnologiýalaryny we emeli aňyň üsti bilen dyz bogunlaryny bölekleýin çalşyrmak boýunça ilkinji operasiýa ýerine ýetirildi. Emirates News Agency (WAM) agentliginiň habar bermegine görä, bu......

09.06.2026 23:04
2.8k+

Apple täze dizaýn we 200-den gowrak gowulaşdyrma bilen iOS 27 ulgamyny hödürledi

WWDC 2026 maslahatynyň çäklerinde Apple kompaniýasy iOS 27 operasion ulgamyny resmi taýdan görkezdi. Bu ulgamyň iň esasy täzelikleriniň biri emeli aňyň esasyndaky Siri-niň täze görnüşi boldy, ýöne täzelenme......