11k+

KHBS: FIFA Argentinany 2026-njy ýylyň dünýa çempionatyndan çetleşdirip biler

Argentinanyň milli futbol ýygyndysy 2026-njy ýylyň dünýä çempionatyna gatnaşyjylaryň hataryndan çykarylyp bilner. Bolup biljek sanksiýanyň sebäbi Argentinanyň futbol assosiasiýasynyň (AFA) ýolbaşçylygy bilen baglylykda alnyp barylýan korrupsiýa garşy derňew işleri boldy diýip, ýerli La Nacion neşiri habar berýär...

4.4k+

ABŞ DÇ-2026-nyň howpsuzlygyny üpjün etmek üçin $1,1 mlrd bölüp berer  

Amerikanyň Birleşen Ştatlary 2026-njy ýylda futbol boýunça dünýä çempionatynyň geçirilýän wagty howpsuzlygy üpjün etmek üçin bir milliardan dollardan gowrak federal maliýeleşdirmesini bölüp berer. Bu barada brifingde ABŞ-da DÇ-2026-a taýýarlyk görmek boýunça iş toparynyň ýolbaşçysy Endrýu Juliani aýtdy...

5.7k+

FIFA we Saud Arabystany ösýän ýurtlara 1 mlrd dollara çenli ýeňillikli karz berer

Halkara futbol federasiýasy (FIFA) Saud ösüş gaznasy (SFD) bilen Ähtnama gol çekdi. Onuň çäklerinde ösüp barýan ýurtlara 1 mlrd dollara çenli ýeňillikli karz berler. Serişdeler stadionlaryň hem-de töweregindäki infrastrukturanyň gurluşygyna we durkuny täzelemek işlerine gönükdiriler diýip, FIFA-nyň resmi saýtyndaky habarda aýdylýar...

9.4k+

2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatyna 48 gatnaşyjydan 42-si belli boldy

2026-njy ýylyň tomsunda ABŞ-da, Kanadada we Meksikada geçiriljek futbol boýunça dünýä çempionatyna gatnaşjak 48 milli toparyň 42-si belli boldy. Zolaklar boýunça gatnaşyjylar: ·UEFA (Ýewropa): Germaniýa, Şweýsariýa, Şotlandiýa, Fransiýa, Ispaniýa, Portugaliýa, Niderlandlar, Awstriýa, Norwegiýa, Belgiýa, Angliýa, Horwatiýa...

7k+

FIFA “The Best” baýraklaryna dalaşgärleri yglan etdi

Halkara futbol federasiýasy (FIFA) 2025-nji ýylyň jemi boýunça The Best baýraklaryna dalaşgärleirň sanawyny hödürledi. Bu barada guramanyň metbugat gullugy habar berýär. Ýylyň iň gowy oýunçysy üçin dalaş edýär:...

1.7k+

FIFA we Football Manager birleşdi: oýna resmi dünýä çempionaty goşular

Sega bilen Sports Interactive studiýasynyň Football Manager oýun seriýasy 20 ýyllygyny belleýär. Öz taryhynda ilkinji gezek oýun FIFA-nyň resmi ygtyýarnamasyna eýe bolar. Işläp düzüjiler Halkara futbol federasiýasy bilen köpýyllyk hyzmatdaşlyk barada habar berdi, bu bolsa oýunlarda FIFA-nyň howandarlygynda uly ýaryşlaryň peýda bolmagyna mümkinçilik berýär...

11k+

FIFA milli ýygyndylaryň täzelenen reýtingini hödürledi

Halkara futbol federasiýasy (FIFA) milli ýygyndylaryň täzelenen reýtingini hödürledi. Sanawda birinji orny 1880,76 utuk gazanan Ispaniýanyň milli ýygyndysy eýeledi. Ikinji orna dünýä çempiony bolan Argentina (1872,43) çykdy...

7k+

FIFA dünýä çempionatyny güýze ýa-da ýaza geçirmek barada pikirlenýär

FIFA futbol boýunça dünýä çempionatyny adaty tomus möwsüminden başga pasla geçirmek mümkinçiligine seredýär. Bu barada guramanyň prezidenti Janni Infantino aýtdy. Onuň sözlerine görä, gürrüň diňe bir ýaryş barada däl, eýsem umumy senenama täzeden garamak barada gidýär...

6.3k+

FIFA 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň resmi topuny hödürledi

Halkara futbol federasiýasy (FIFA) öz saýtynda ABŞ-da, Kanadada we Meksikada geçiriljek 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň resmi topuny görkezdi. Ýaryş ilkinji gezek birbada üç ýurduň çäginde geçer we indiki ýylyň 11-nji iýunyndan 19-njy iýulyna çenli dowam eder...

6k+

FIFPro futbolçylara aşa agram düşýändigi barada maglumat berdi

Halkara professional futbolçylar assosiasiýasy (FIFPro) möwsümiň dowamynda oýunçylara düşýän agram barada täze hasabat berdi. Ol kärdeşler arkalaşygynyň oýunlaryň sanynyň yzygiderli köpelmegi sebäpli öňdebaryjy futbol guramalary bilen dawasynyň dowam etmeginiň esasynda hödürlendi...

10k+

FIFA penalti urgusynyň düzgünlerine üýtgetmeler girizmegi gözden geçirýär

FIFA 11 metrlik jerime urgusynyň düzgünlerine üýtgetmeleri girizmegi meýilleşdirýär, bu tassyklanan halatynda indiki möwsümde güýje girer diýip, Bild neşiri habar berýär. Teklip edilen üýtgeşmelere görä, eger derwezeban jerime urgusyny “nokatdan” yzyna serpikdirse, topuň nirä gaýtjakdygyna garamazdan, topy derwezäniň agzyndan urmak bellener...

3.2k+

FIFA-nyň yklymara kubogynyň jemleýji ýaryşy Katarda geçiriler

Katar FIFA-nyň 2025-nji ýylda geçiriljek yklymara kubogynyň jemleýji ýaryşyny kabul eder. Bu barada Halkara Futbol Federasiýasynyň resmi web sahypasynda yglan edildi. Ýaryşyň soňky üç oýny Katarda geçer. 10-njy dekabrda "Iki Amerikanyň derbisi" geçiriler: meksikaly “Krus Asul” şu ýylky Libertadoresiň Kubogynyň ýeňijisi bilen bäsleşer...

7k+

FIFA 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň üç tumaryny görkezdi

FIFA 2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynyň üç resmi tumaryny hödürledi. Ýaryşyň nyşanlary ak kelleli bürgüt Klatç, los Meýpl we ýaguar Zaýu boldy. Olar çempionaty kabul etjek üç ýurdy – ABŞ-ny, Kanadany we Meksikany görkezýär...

5.7k+

FIFA dünýä çempionatyna gatnaşandygy üçin klublara $355 mln tölär

Halkara futbol federasiýasy (FIFA) oýunçylary 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň saýlama we ahyrky tapgyr oýunlaryna gatnaşýan klublara 355 mln dollar tölär. Bu barada guramanyň metbugat gullugy habar berdi. Ilkinji gezek töleg oýunçylaryny diňe bir ýaryşyň özüne däl, eýsem saýlama oýunlaryna gatnaşdyrýan klublara hem berler...

11k+

Norwegiýanyň milli ýygyndysy Moldowa garşy 11 gol geçirdi: Holand rekord goýdy

2026-njy ýylyň dünýä çempionaty üçin Ýewropada saýlama ýaryşynyň 6-njy tapgyr oýunlarynyň birinde Norwegiýanyň milli ýygyndysy Moldowadan uly hasap bilen üstün çykdy. Oslodaky oýun 11:1 hasabynda tamamlandy. “Mançester Sitiniň” hüjümçisi Erling Holand bäş gol geçirip, iki assist etdi...

14k+

Özbegistan CAFA Milletler Kubogynyň finalynda Eýrandan üstün çykdy

Özbegistanyň futbol boýunça milli ýygyndysy Merkezi Aziýanyň Futbol Assosiasiýasynyň Milletler Kubogynda (CAFA Nations Cup 2025) final oýunda Eýrany ýeňdi. Duşuşyk 8-nji sentýabrda Daşkentdäki täze «Olimpik» stadionynda geçirildi we ýer eýeleriniň peýdasyna 1:0 hasabynda tamamlandy...

9.5k+

Türkmenistan CAFA Milletler Kubogynda Omandan utuldy

5-nji sentýabrda Türkmenistanyň milli futbol ýygyndysy Merkezi Aziýanyň Futbol Assosiasiýasynyň Milletler kubogynyň (CAFA Nations Cup) toparlaýyn tapgyrynyň üçünji oýnunda Omandan utuldy. Daşkentdäki “Jar” stadionynda geçirilen oýun Omanyň futbolçylarynyň peýdasyna 1:2 hasabynda tamamlandy...

14k+

Günorta Amerikadan DÇ-2026 üçin göni ýollama alan toparlaryň ählisi belli boldy

2026-njy ýylyň dünýä çempionaty üçin Günorta Amerikanyň saýlama ýaryşynyň gutarmagyna bir tapgyr galanda gönüden-göni dünýä çempionatyna gatnaşjak alty toparyň ählisi belli boldy. Göni ýollamany Argentinanyň (38 utuk), Braziliýanyň (28), Urugwaýyň (27), Ekwadoryň (26), Kolumbiýanyň (25) we Paragwaýyň (25) milli ýygyndylary aldy...

10k+

“Real” FIFA-dan we UEFA-dan “Barsa” bilen “Wilýarrealyň” ABŞ-daky oýnuny gadagan etmegi talap etdi

Madridiň “Realy” Ispaniýanyň çempionatynyň 17-nji tapgyrynyň “Wilýarreal” bilen “Barselonanyň” arasyndaky oýnunyň Ispaniýanyň çäginden daşary geçirilmegine garşy çykdy. Ozal La Liganyň bu duşuşygy dekabrda Maýamidäki “Hard Rok” stadionynda geçirmek barada gepleşikleri alyp barýandygy, Ispaniýanyň Patyşalyk futbol federasiýasynyň bolsa bu pikiri makullap, UEFA ýüz tutandygy habar berlipdi...

9.1k+

Futbol boýunça DÇ-2026-nyň bije çekişigi dünýäniň iň uly şar şekilli zalynda geçer

2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynyň toparlaýyn tapgyrynyň bije çekişigi 5-nji dekabrda Las-Wegasda geçiriler. Bellemeli ýeri, şäheriň özi ýaryşyň ýekeje-de oýnuny kabul etmeýär. ESPN-iň maglumatlaryna görä, bije çekişik 17,5 müň tomaşaça niýetlenen dünýäniň iň uly şar görnüşli binasy bolan “Sfera” zalynda geçiriler...