FIFA we IFAB 20-nji ýanwarda "Arsen Wengeriň ofsaýdyny" girizmek meselesine gararlar

  • 05.01.2026 08:39
  • 8.5k+

Halkara Futbol Federasiýasy (FIFA) we Halkara Futbol Assosiasiýalarynyň Geňeşi (IFAB) eýýäm indiki möwsümden başlap, “Arsen Wengeriň ofsaýdyny” girizip bilerler. Bu barada "RMC Sport" neşiri habar berýär.

Gürrüň Londonyň "Arsenal" toparynyň öňki tälimçisi Arsen Wengeriň tekliplerine laýyklykda ofsaýd (oýundan daşardaky ýagdaý) düzgünine düýpli üýtgetmeler girizmek barada gidýär. 76 ýaşly fransuz hünärmeni 2019-njy ýyldan bäri FIFA-da Futboluň global ösüşi boýunça direktor wezipesini eýeleýär.
Wengeriň hödürleýän düzgünine görä, hüjümçi diňe tutuş göwresi bilen goragçydan öňe geçen halatynda ofsaýd hasaplanar. Häzirki düzgün boýunça hüjümçiniň gol geçirip biljek islendik beden agzasynyň goragçydan sähelçe öňe geçmegi ofsaýd üçin ýeterlikdir.
Çeşmäniň berýän maglumatyna görä, IFAB bu üýtgetmäni 20-nji ýanwarda Londonda geçiriljek ýyllyk maslahatynda seljerer. Teklip fewral aýynda Baş Assambleýa hödürlener we makullanan ýagdaýynda, 2026/2027-nji ýyllaryň möwsüminde durmuşa geçiriler.
Mundan başga-da, Geňeşiň gün tertibinde ýene bir synag düzgünine seretmek göz öňünde tutulýar: meýdançada lukmançylyk kömegini alan futbolçy (derwezebandan başgasy) oýundan iki minutlyk çetleşdiriler. Bu çäre wagt ýitirilmeginiň we oýunçylaryň emeli "şikesleriniň" öňüni almak üçin niýetlenendir.
Geçen ýylyň dekabrynda geçirilen Arap Milletler Kubogynda bu iki düzgüniň hem oňyn netijeler berendigi bellenilýär.
IFAB tarapyndan seljeriljek ýene bir möhüm ugur — VAR (wideo-kömekçi emin) ulgamynyň kämilleşdirilmegidir. FIFA-nyň eminler komitetiniň başlygy Pýerluiji Kollina indiki Dünýä çempionatynda girizilip bilinjek üýtgeşmeler, şol sanda ikinji sary kart we burç urgulary ýaly ýagdaýlarda wideo-gözden geçiriş ulgamyny ulanmagyň mümkinçilikleri barada aýtdy.


düýn 14:33
10k+

DÇ-2026:  Germaniýa Ekwadordan, ABŞ - Türkiýeden ýeňlip, öňe barýarlar

Futbol boýunça dünýä çempionaty barha we barha gyzyşýar. E, F we D toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş jetwelindäki gutarnykly......

25.06.2026 13:40
8.9k+

DÇ-2026: Winisius bombardirleriň bäsleşigine goşuldy, Marokkodan goşa kambek

Futbol boýunça dünýä çempionatynyň tüýs gyzgalaňly pursatlary dowam edýär. A, B we C toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş......

24.06.2026 22:49
7.9k+

DÇ-2026: Pleý-off tapgyrynyň öňüsyrasynda toparçalardaky ýagdaý nähili? Kim gider, kim galar?

Futbol boýunça 23-nji dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň iň jogapkärli – 3-nji tapgyry başlanýar. Köp ýygyndylar üçin bu ädim pleý-offa (1/16 finala) çykmagyň soňky mümkinçiligi. A käbirleri eýýämden......

24.06.2026 13:39
11k+

DÇ-2026-nyň 2-nji tapgyry tamamlandy: Ronaldo dubl etdi, Kolumbiýa bilen Angliýa pleý-offda

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda 2-nji tapgyryň ähli duşuşyklary tamamlandy. Oýun gününiň baş wakasy — özüniň ajaýyp oýny bilen meýdançada şowhun döreden Kriştianu Ronaldunyň dubly boldy. Ol......