Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň başlygy FIFA-nyň Tehniki ösüş komitetiniň agzalygyna saýlandy

  • 20.10.2025 18:00
  • 7.6k+

Halkara Futbol Federasiýalarynyň Assosiasiýasy (FIFA) Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň (TFF) başlygy Guwançmuhammet Öwekowy Tehniki ösüş boýunça komitetiň agzalygyna saýlady.

TFF-niň habar bermegine görä, dünýäniň 211 federasiýasynyň diňe 24-sinden saýlanan wekilleriň arasynda türkmen ýolbaşçysynyň hem bolmagy, ýurdumyzyň futbolynyň ösüşindäki üstünlikleriň halkara derejesinde ykrar edilendigini görkezýär.
TFF häzirki wagtda FIFA-nyň «Futbol mekdepler üçin» hem-de «Zehinleri ýüze çykaryp, olary ösdürmek» maksatnamalaryny üstünlikli amala aşyrýar. Şeýle hem, ýaşlar bilen işleýän tälimçileriň hünär derejesi ýokarlandyrylýar. Bu işler geljekki türgenleriň halkara arenasynda Türkmenistany mynasyp derejede tanatmagy üçin berk binýady döredýär.
FIFA-nyň Tehniki ösüş boýunça komiteti çagalar, zenanlar we köpçülikleýin futboly ösdürmekde, şeýle hem tälimçileriň hünär taýýarlygyny ýokarlandyrmakda möhüm orny eýeleýär.
TFF-niň bellemegine görä, komitetiň agzalary futboly ösdürmek boýunça meýilnamalary seljerýärler we tassyklaýarlar. 
Guwançmuhammet Öwekow 2024-nji ýylyň 4-nji noýabryndan bäri Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň başlygy wezipesini ýerine ýetirýär. Ol ozal «Ahal» toparynyň tälimçiler toparynda işledi, soňra «Ahal» we «Arkadag» klublaryna ýolbaşçylyk etdi.
Futbolçy döwründe Öwekow Türkmenistanda bolşy ýaly, Ukrainada, Gazagystanda we Özbegistanda çykyş edipdi. Milli ýygyndynyň düzüminde ol 2008-nji ýylda Owganystanyň ýygyndysyna garşy geçirilen resmi duşuşykda dört gol geçirip, şeýle netijäniň awtory bolan ýeke-täk türkmen futbolçysy hökmünde taryha girdi.


düýn 14:33
10k+

DÇ-2026:  Germaniýa Ekwadordan, ABŞ - Türkiýeden ýeňlip, öňe barýarlar

Futbol boýunça dünýä çempionaty barha we barha gyzyşýar. E, F we D toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş jetwelindäki gutarnykly......

25.06.2026 13:40
9k+

DÇ-2026: Winisius bombardirleriň bäsleşigine goşuldy, Marokkodan goşa kambek

Futbol boýunça dünýä çempionatynyň tüýs gyzgalaňly pursatlary dowam edýär. A, B we C toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş......

24.06.2026 22:49
7.9k+

DÇ-2026: Pleý-off tapgyrynyň öňüsyrasynda toparçalardaky ýagdaý nähili? Kim gider, kim galar?

Futbol boýunça 23-nji dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň iň jogapkärli – 3-nji tapgyry başlanýar. Köp ýygyndylar üçin bu ädim pleý-offa (1/16 finala) çykmagyň soňky mümkinçiligi. A käbirleri eýýämden......

24.06.2026 13:39
11k+

DÇ-2026-nyň 2-nji tapgyry tamamlandy: Ronaldo dubl etdi, Kolumbiýa bilen Angliýa pleý-offda

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda 2-nji tapgyryň ähli duşuşyklary tamamlandy. Oýun gününiň baş wakasy — özüniň ajaýyp oýny bilen meýdançada şowhun döreden Kriştianu Ronaldunyň dubly boldy. Ol......