Italiýa, Ukraina we Polşa DÇ-2026-a çykmak üçin pleý-off oýunlarynda garşydaşlaryny bildi

  • 21.11.2025 11:28
  • 7.9k+

2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň Ýewropadaky saýlama ýaryşynyň pleý-off oýunlarynyň bije çekilişiginiň netijesi belli boldy.

Bije çekilişik Sýurihde Halkara futbol federasiýasynyň (FIFA) ştab-kwartirasynda geçirildi. Oňa Fransiýanyň milli ýygyndysynyň düzüminde 1998-nji ýylyň dünýä çempiony Kristian Karambýo, 2006-njy ýylyň dünýä çempiony italiýaly Marko Materassi, şeýle-de, Şwesiýanyň milli ýygyndysynyň öňki oýunçysy, 1994-nji ýylyň dünýä çempionatynda üçünji orny eýelän Martin Dalin gatnaşdy.
Pleý-off tapgyryna öz saýlama toparçalarynda ikinji orunlary eýelän 12 topar, şeýle-de saýlama ýaryşynda ilkinji orny eýeläp bilmedik Milletler ligasynyň toparçalarynyň dört ýeňijisi (Rumyniýanyň, Demirgazyk Irlandiýanyň, Şwesiýanyň we Demirgazyk Makedoniýanyň milli ýygyndylary) çykdy.
16 toparyň ählisi dört toparça bölner we olaryň çäklerinde ýarym final (26-njy mart) we final (31-nji mart) oýunlary geçiriler. Reýting boýunça ýerleşdirilen toparlar ýarym final oýunlaryny öz öýünde oýnar.
Bije çekilişigiň netijesi:

  • ·Ýol A: Italiýa – Demirgazyk Irlandiýa, Uels – Bosniýa we Gersegowina
  • ·Ýol B: Ukraina – Şwesiýa, Polşa – Albaniýa
  • ·Ýol C: Türkiýe – Rumyniýa, Slowakiýa – Kosowo
  • ·Ýol D: Daniýa – Demirgazyk Makedoniýa, Çehiýa – Irlandiýa 

düýn 20:28
7.6k+

46 ýaşly Ronaldinýo Italiýada futbolçy karýerasyny dikeldýär

«Altyn topuň» eýesi, braziliýaly Ronaldinýo Italiýanyň Seriýa S diwizionynda çykyş edýän «Rawenna» kluby bilen futbolçy hökmünde şertnama baglaşýar. Bu barada klubuň wise-prezidenti Ariedo Braida ANSA......

düýn 14:48
9.6k+

DÇ-2026-da drama: ABŞ-nyň oýnunda emin şikes aldy, Türkiýe ýaryşdan gaýdýar, Braziliýa 3 gol saldy

2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyry garaşylmadyk wakalary we dartgynly pursatlary bilen dowam edýär. Ýaryşyň nobatdaky gününde ykbaly çözülen we yzly-yzyna göreşden çykan ilkinji ýygyndylar......

19.06.2026 17:01
8.2k+

Näme üçin DÇ-2026-da futbolçylar gülgüne butsyda oýnaýar

2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynda dürli ýygyndy toparlaryň oýunçylary meýdança köpçülikleýin ýagdaýda gülgüne butsylarda çykýar. Bu tötänlik ýa-da türgenleriň arasyndaky gizlin ylalaşyk bolman,......

19.06.2026 14:17
7.1k+

Dünýä çempionaty – 2026: Meksika pleý-offda, Kanada Katary 6:0 hasabynda derbi-dagyn etdi

Futbol boýunça 2026-njy ýylda Meksikada, Kanadada we ABŞ-nda geçirilýän dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň ikinji tapgyry badalga aldy. Ýaryşyň eýeleri üçin çempionat örän üstünlikli dowam edýär....