KHBS: FIFA Argentinany 2026-njy ýylyň dünýa çempionatyndan çetleşdirip biler

  • 16.12.2025 09:53
  • 11k+

Argentinanyň milli futbol ýygyndysy 2026-njy ýylyň dünýä çempionatyna gatnaşyjylaryň hataryndan çykarylyp bilner. Bolup biljek sanksiýanyň sebäbi Argentinanyň futbol assosiasiýasynyň (AFA) ýolbaşçylygy bilen baglylykda alnyp barylýan korrupsiýa garşy derňew işleri boldy diýip, ýerli La Nacion neşiri habar berýär.

Žurnalistleriň maglumatlaryna görä, derňew işleri AFA-nyň prezidenti Klaudio Tapia, onuň ynamdar adamy Pablo Towiggino, şeýle-de federasiýanyň gaznaçysynyň orunbasary Luçano Nakise garşy alnyp barylýar. Olar bikanun baýamakda güman edilýär. Bu işiň çäklerinde 10-njy dekabrda täze barlaglar geçirildi. Girdeji ýygnamak we gümrük gözegçiligi boýunça agentlik ARCA Pilar şäherindäki uly emläge eýeçilik etmek hukugy baradaky meseläni derňeýär. Bu emläk galp şahslaryň adyna hasaba alnan diýlip çak edilýär.
Neşiriň pikiriçe, FIFA hökümetiň milli federasiýalaryň işine gatyşmagyny makullamaýar we milli topary ýaryşa gatnaşmakdan çetleşdirip biler. Muňa garamazdan, hünärmenler dünýä çempionatynyň häzirki çempionlarynyň ýaryşdan aýryljakdygyna şübhelenýär. Çünki, şeýle derejeli toparlary çetleşdirmek ýagdaýy häzire çenli bolmandy. Iň ýakyn mysal hökmünde bilermenler Kuweýti belleýär. 2015-nji ýylda FIFA döwletiň milli federasiýanyň işine gatyşmagy sebäpli ýurdy çetleşdirdi. Agzalyk diňe iki ýarym ýyldan soň dikeldildi.
Ýatlap geçsek, ýakynda Messi we onuň topary J toparçasy boýunça garşydaşlaryny bildi – dünýä çempionatynda olara Awstriýa, Alžir we Iordaniýa garşy çykar.
2026-njy ýylyň dünýä çempionaty 11-nji iýundan 19-njy iýul aralygynda 48 ýygyndynyň gatnaşmagynda ABŞ-da, Meksikada we Kanadada geçiriler. 


şu gün 14:25
7.5k+

DÇ-2026-nyň 7-nji güni: Portugaliýanyň şowsuzlygy, Keýniň dubly we Özbegistanyň taryhy goly

Futbol boýunça Dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň birinji tapgyry tamamlandy. Tapgyr köp garaşylmadyk netijelere baý boldy. Muny geçen oýun güni hem tassyklady....

şu gün 09:54
1.2k+

«Milan» Ruben Amorimi baş tälimçi wezipesine belledi

Italiýanyň «Milan» futbol kluby portugaliýaly hünärmen Ruben Amorimi toparyň baş tälimçisi wezipesine belländigini resmi taýdan yglan etdi. Şertnamanyň möhleti barada klub takyk maglumat bermedi....

düýn 13:03
15k+

Arslanmyrat Amanow: «Dünýä çempionatynda Özbegistanyň milli ýygyndysyna we dostlaryma janköýerlik ederin»

Sebitiň iň tanymal we zehinli futbolçylarynyň biri, Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň öňki kapitany Arslanmyrat Amanow 2026-njy ýyldaky dünýä çempionaty baradaky pikirlerini paýlaşdy. Häzirki wagtda «Arkadag»......

düýn 12:40
11k+

DÇ–2026-nyň 6-njy güni: Messiden het-trik we rekordlar, Mbappe we Holandyň dubly we birnäçe awtogol...

2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynyň altynjy oýun güni öňki mundialyň finalçylary – Argentina we Fransiýa ýygyndylarynyň çempionata girişmegi bilen ýatda galdy....