Norwegiýa Italiýany utup, soňky 28 ýylda ilkinji gezek dünýä çempionatyna çykdy

  • 17.11.2025 14:17
  • 9.9k+

Norwegiýanyň milli futbol ýygyndysy soňky 28 ýylda ilkinji gezek dünýä çempionatyna çykdy. 2026-njy ýylyň dünýä çempionaty üçin saýlama ýaryşynyň soňky oýnunda Stole Solbakkeniň ýolbaşçylygyndaky topar myhmançylykda Italiýanyň milli ýygyndysyny 4:1 hasabynda utdy.  

Norwegiýa toparynyň düzüminde Erling Holand iki gol geçirdi.
Norwegiýa saýlama ýaryşyny 24 utuk bilen tamamlap, I toparçada birinji orny eýeledi. Bu ýerde Italiýa, Ysraýyl, Estoniýa we Moldowa hem çykyş etdi. Topar 36:5 umumy hasap bilen sekiz oýnuň ählisini utdy. Milli ýygyndy 1998-nji ýyldan bäri ilkinji gezek dünýä çempionatyna ýene gatnaşar – şol ýyl ol 1/8 finala çykypdy.
Şeýle-de, UEFA zolagyndan DÇ-2026 üçin göni ýollamany öz toparçalarynda birinji orunlary eýelän Angliýa, Fransiýa, Horwatiýa we Portugaliýa kepillendirdi.
Italiýa 18 utuk gazanyp, ikinji boldy we Ukraina, Çehiýa, Irlandiýa, Albaniýa, Şwesiýa, Rumyniýa we Demirgazyk Irlandiýa bilen bilelikde pleý-offda göreşi dowam etdirer. Pleý-off tapgyryna jemi 16 topar gatnaşar – 12 sany ikinji orunlary eýelän topar we Milletler ligasynyň toparçalarynyň 4 ýeňijisi.
Pleý-offuň bije çekilişigi 20-nji noýabrda Sýurihde geçiriler.
Ýatlap geçsek, ýaryşyň final bölegi 2026-njy ýylyň 11-nji iýunyndan 19-njy iýul aralygynda ABŞ-da, Meksikada we Kanadada geçer. 


düýn 22:49
5.6k+

DÇ-2026: Pleý-off tapgyrynyň öňüsyrasynda toparçalardaky ýagdaý nähili? Kim gider, kim galar?

Futbol boýunça 23-nji dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň iň jogapkärli – 3-nji tapgyry başlanýar. Köp ýygyndylar üçin bu ädim pleý-offa (1/16 finala) çykmagyň soňky mümkinçiligi. A käbirleri eýýämden......

düýn 13:39
9.5k+

DÇ-2026-nyň 2-nji tapgyry tamamlandy: Ronaldo dubl etdi, Kolumbiýa bilen Angliýa pleý-offda

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda 2-nji tapgyryň ähli duşuşyklary tamamlandy. Oýun gününiň baş wakasy — özüniň ajaýyp oýny bilen meýdançada şowhun döreden Kriştianu Ronaldunyň dubly boldy. Ol......

23.06.2026 14:15
13k+

Dünýä çempionaty – 2026-nyň 12-nji güni: Messi – çempionatyň iň gowy bombardiri, 4 oýunçynyň birbada dubly

2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyryň ikinji duşuşyklary dowam edýär. Ýaryşyň 12-nji gününde dört futbolçy – Lionel Messi, Kilian Mbappe, Erling Holand we Ismaila Sarr dubl......

22.06.2026 15:58
14k+

DÇ-2026: üçünji orny alan toparlardan haýsysy 1/16 finala çykar? Geliň, düşünişeliň!

2026-njy ýyldaky dünýä çempionatynda ilkinji gezek 48 ýygyndy çykyş edýär. Ýaryşyň giňeldilen tertibi sebäpli, pleý-off tapgyryna (1/16 finala) 32 topar çykar. Indiki tapgyra gatnaşmak hukugyny 12 toparçanyň......