FIFA TikTok bilen şertnama baglaşdy we awtorlara DÇ-2026-yny şöhlelendirmäge giň mümkinçilik berdi

  • 10.01.2026 18:22
  • 5.1k+

Halkara futbol federasiýasy (FIFA) TikTok-y 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň geçirilýän döwründe sosial ulgamlarda wideokontent ýerleşdirmek üçin birinji «esasy platforma» diýip yglan etdi.

Taraplar hyzmatdaşlygyň derejesini ýokarlandyrmaga we ýaryşy şöhlelendirmegiň netijesinde ony dünýädäki janköýerler üçin has elýeterli etmäge gönükdirilen şertnama gol çekdi. Hyzmatdaşlygyň çäklerinde TikTok janköýerler we kontent döredijiler üçin esasy platforma bolup, ýaryşdan eksklýuziw we özboluşly materiallary hödürlär.
FIFA-nyň resmi media hyzmatdaşlary sosial ulgamlarda oýundan bölekleri göni ýaýlymda görkezip, saýlanan wideolary ýerleşdirip we federasiýa tarapyndan taýýarlanan ýörite kontenti ulanyp biler.
Teleýaýlym kompaniýalary ýaýlymdan we wideokontentden pul gazanmaga mümkinçilik berjek gurala eýe bolar. Şol bir wagtyň özünde, TikTok FIFA-nyň intellektual eýeçiligini ogurlykdan we bikanun ulanmakdan goramak boýunça syýasaty girizmäge borçlanar.
Şeýle-de, kontent döredijiler türgenleşik proseslerine, metbugat maslahatlaryna we FIFA-nyň arhiwlerine elýeterli bolar. Bu bolsa blogerlere we žurnalistlere federasiýa bilen hyzmatdaşlykda has ýokary hilli we gyzykly kontentleri döretmäge mümkinçilik berer. 


düýn 13:51
8.5k+

DÇ – 2026: Dembele hettrik etdi, Kabo-Werde taryha öwrülýär, Eýran welin, Müsürden asgyn geldi...

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň Dünýä çempionatynda G, H we I toparlarynda iň soňky – 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparçalardaky jemleýji orunlar we 1/16 ahyrky tapgyra......

26.06.2026 14:33
12k+

DÇ-2026:  Germaniýa Ekwadordan, ABŞ - Türkiýeden ýeňlip, öňe barýarlar

Futbol boýunça dünýä çempionaty barha we barha gyzyşýar. E, F we D toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş jetwelindäki gutarnykly......

25.06.2026 13:40
9.3k+

DÇ-2026: Winisius bombardirleriň bäsleşigine goşuldy, Marokkodan goşa kambek

Futbol boýunça dünýä çempionatynyň tüýs gyzgalaňly pursatlary dowam edýär. A, B we C toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş......

24.06.2026 22:49
8.1k+

DÇ-2026: Pleý-off tapgyrynyň öňüsyrasynda toparçalardaky ýagdaý nähili? Kim gider, kim galar?

Futbol boýunça 23-nji dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň iň jogapkärli – 3-nji tapgyry başlanýar. Köp ýygyndylar üçin bu ädim pleý-offa (1/16 finala) çykmagyň soňky mümkinçiligi. A käbirleri eýýämden......