FIFA we Football Manager birleşdi: oýna resmi dünýä çempionaty goşular

  • 20.10.2025 10:13
  • 1.8k+

Sega bilen Sports Interactive studiýasynyň Football Manager oýun seriýasy 20 ýyllygyny belleýär. Öz taryhynda ilkinji gezek oýun FIFA-nyň resmi ygtyýarnamasyna eýe bolar. Işläp düzüjiler Halkara futbol federasiýasy bilen köpýyllyk hyzmatdaşlyk barada habar berdi, bu bolsa oýunlarda FIFA-nyň howandarlygynda uly ýaryşlaryň peýda bolmagyna mümkinçilik berýär.

Football Manager 26-da futbol boýunça dünýä çempionaty, zenanlaryň arasynda dünýä çempionaty we Klublaýyn dünýä çempionaty hödürlener. Soňlugy bilen işläp düzüjiler başga ýaryşlary hem goşmagy meýilleşdirýär.
Oýunçylara 48 ýygyndynyň ählisiniň resmi formasy, hakyky ýaýlymlaryň stilinde bezeg we ýaryşlaryň doly atributikasy garaşýar. Mundan başga-da, 2026-njy ýylyň dünýä çempionatyna çenli milli ýygyndylary dolandyrmagyň kämilleşdirilen ulgamy bilen uly täzelenme meýilleşdirilýär – ol Football Manager 26-da, Football Manager 26 Console-da we Football Manager 26 Touch-da elýeterli bolar.
Sports Interactive studiýasynyň başlygy Maýlz Jeýkobson FIFA bilen hyzmatdaşlygy topar üçin “taryhy pursat” diýip atlandyrdy we munuň hyzmatdaşlygyň başlangyjydygyny belledi.
Football Manager 26 4-nji noýabrda SteamEpic Games Store we Microsoft Store platformalarynda çykar. PS5, Xbox One we Xbox Series X|S konsollary üçin wersiýalar hem şol gün, Nintendo Switch üçin Football Manager 26 Touch bolsa 4-nji dekabrda çykar. iOS we Android/Netflix üçin mobil wersiýalar hem 4-nji noýabrda elýeterli bolar.  


22.06.2026 22:53
6.6k+

DÇ-2026-nyň topy kosmosa-da baryp ýetdi

2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynyň resmi topy bolan Adidas Trionda Halkara kosmos stansiýasyna (HKS) iberildi....

19.06.2026 19:56
6.9k+

Şotlandiýaly janköýer ýygyndysynyň oýny üçin ABŞ-ny pyýada söküp, haýyr-sahawat üçin 1 million funt sterling toplady

Şotlandiýanyň Peýsli şäherinden bolan 22 ýaşly futbol janköýeri Kreýg Fergýuson ABŞ-nyň tutuş çägini pyýada kesip geçdi. Bu barada «WBUR» radiostansiýasy habar berýär....

13.06.2026 09:33
10k+

Eger ABŞ DÇ-2026-da ýeňiji bolsa, Jeep 100 sany wnedorožnigi sowgat berer. Emma birje ýönesi bar...

Amerikanyň Jeep brendi Futbol boýunça dünýä çempionatynyň şanyna adaty bolmadyk watançylyk mahabat kampaniýasyny başlady. Kompaniýa eger ABŞ-nyň topary çempionatda ýeňiş gazansa, 100 sany Jeep Wrangler......

12.06.2026 15:47
12k+

Şakira, labubu we astekler: DÇ-2026-nyň açylyş dabarasy nähili geçdi (FOTO)

Meksikanyň paýtagtyndaky «Asteka» stadionynda futbol boýunça dünýä çempionatynyň açylyş dabarasy boldy we ol ýaryşyň ilkinji resmi duşuşygynyň öňüsyrasynda guraldy. Bu uly şüweleň, esasan, iki bölege bölündi....