Donald Tramp FIFA-nyň täze Parahatçylyk baýragynyň ilkinji eýesi boldy

  • 06.12.2025 16:22
  • 8.4k+

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp Halkara futbol federasiýasy (FIFA) tarapyndan esaslandyrylan täze Parahatçylyk baýragynyň ilkinji eýesi boldy. Ak tamyň ýolbaşçysyna baýragy FIFA-nyň prezidenti Janni Infantino gowşurdy.

Gowşurylyş dabarasy Jon Kennedi adyndaky ýerine ýetirijilik sungaty merkezinde 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň toparlaýyn tapgyrynyň bije çekilişigi wagtynda geçirildi.
Tramp bu baýragyň özi üçin durmuşynda uly hormat bolandygyny aýtdy.
Baýragyň eýesine barmaklarynyň ujy bilen Ýer şaryny saklap duran dört penje görnüşinde uly kubok gowşuryldy.
Baýragyň döredilendigi barada noýabrda, Infantino bilen Trampyň Maýamidäki Amerikan işewürlik forumynda çykyş eden güni belli boldy. FIFA-nyň saýtynda parahatçylyk baýragynyň «parahatçylyk üçin aýratyn we adatdan daşary işleri amala aşyran we şonuň bilen dünýädäki adamlary birleşdiren şahsyýetlere» berilýändigi aýdylýar. Şol bir wagtyň özünde, baýragy döretmek baradaky çözgüt guramanyň dolandyryjy edarasy bolan FIFA-nyň Geňeşi tassyklamazdan kabul edildi.
2026-njy ýylyň dünýä çempionaty 11-nji iýundan 19-njy iýul aralygynda üç ýurduň: ABŞ-nyň, Kanadanyň we Meksikanyň çäginde geçiriler. Ýaryşyň final oýny Nýu-Jersi ştatyndaky «Metlaýf-stediumda» bolar.


düýn 17:01
5.5k+

Näme üçin DÇ-2026-da futbolçylar gülgüne butsyda oýnaýar

2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynda dürli ýygyndy toparlaryň oýunçylary meýdança köpçülikleýin ýagdaýda gülgüne butsylarda çykýar. Bu tötänlik ýa-da türgenleriň arasyndaky gizlin ylalaşyk bolman,......

düýn 14:17
5.7k+

Dünýä çempionaty – 2026: Meksika pleý-offda, Kanada Katary 6:0 hasabynda derbi-dagyn etdi

Futbol boýunça 2026-njy ýylda Meksikada, Kanadada we ABŞ-nda geçirilýän dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň ikinji tapgyry badalga aldy. Ýaryşyň eýeleri üçin çempionat örän üstünlikli dowam edýär....

18.06.2026 14:25
14k+

DÇ-2026-nyň 7-nji güni: Portugaliýanyň şowsuzlygy, Keýniň dubly we Özbegistanyň taryhy goly

Futbol boýunça Dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň birinji tapgyry tamamlandy. Tapgyr köp garaşylmadyk netijelere baý boldy. Muny geçen oýun güni hem tassyklady....

18.06.2026 09:54
1.7k+

«Milan» Ruben Amorimi baş tälimçi wezipesine belledi

Italiýanyň «Milan» futbol kluby portugaliýaly hünärmen Ruben Amorimi toparyň baş tälimçisi wezipesine belländigini resmi taýdan yglan etdi. Şertnamanyň möhleti barada klub takyk maglumat bermedi....