ABŞ Dünýä çempionaty-2026-nyň janköýerleri üçin wiza almak işini ýeňilleşdirer

  • 20.11.2025 10:19
  • 10k+

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp 2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatyna gatnaşmagy meýilleşdirýän daşary ýurtly janköýerler üçin wiza almak işiniň ýeňilleşdirilýändigini aýtdy.

Amerikan lideriniň sözlerine görä, syýahatçylyk wizasyny almagyň möhleti ep-esli azaldyldy. Ozal bu proses bir ýyla çenli wagt alyp bilýärdi, indi bolsa garaşmagyň möhleti 60 gün ýa-da ondan hem az bolup biler. Dünýä ýurtlarynyň, takmynan, 80%-iniň ýaşaýjylary üçin tutuş proses iki aýda tamamlanar.

“Bize dünýä çempionatyna goşulmak isleýänlere häzirden arza tabşyrmagy berk maslahat berýärin” – diýip, Tramp 17-nji noýabrda Ak tamda geçirilen iş toparynyň ýygnagynda aýtdy.

ABŞ-nyň Döwlet sekretary Marko Rubio petek satyn almagyň awtomatik taýdan wiza aljakdygyňy aňlatmaýandygyny, ýöne çaltlaşdyrylan tertipde söhbetdeşlik üçin wagt almaga mümkinçilik berýändigini aýtdy. Şol bir wagtyň özünde, arza tabşyryjylar beýleki syýahatçylar bilen deň düzgünler boýunça barlanar.
Tramp Döwlet sekretarynyň we Içeri howpsuzlyk ministrliginden hünärmenleriň ýolbaşçylygyndaky toparyň düýpli barlag işlerini ýola goýandygyny we şondan soň janköýerleriň ýurda päsgelçiliksiz girip biljekdigini belledi.
2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionaty ABŞ-da, Kanadada we Meksikada geçiriler. Trampyň aýtmagyna görä, ýaryş eýýäm rekord petek satuwyny görkezýär. 


düýn 17:01
6k+

Näme üçin DÇ-2026-da futbolçylar gülgüne butsyda oýnaýar

2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynda dürli ýygyndy toparlaryň oýunçylary meýdança köpçülikleýin ýagdaýda gülgüne butsylarda çykýar. Bu tötänlik ýa-da türgenleriň arasyndaky gizlin ylalaşyk bolman,......

düýn 14:17
6k+

Dünýä çempionaty – 2026: Meksika pleý-offda, Kanada Katary 6:0 hasabynda derbi-dagyn etdi

Futbol boýunça 2026-njy ýylda Meksikada, Kanadada we ABŞ-nda geçirilýän dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň ikinji tapgyry badalga aldy. Ýaryşyň eýeleri üçin çempionat örän üstünlikli dowam edýär....

18.06.2026 14:25
14k+

DÇ-2026-nyň 7-nji güni: Portugaliýanyň şowsuzlygy, Keýniň dubly we Özbegistanyň taryhy goly

Futbol boýunça Dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň birinji tapgyry tamamlandy. Tapgyr köp garaşylmadyk netijelere baý boldy. Muny geçen oýun güni hem tassyklady....

18.06.2026 09:54
1.7k+

«Milan» Ruben Amorimi baş tälimçi wezipesine belledi

Italiýanyň «Milan» futbol kluby portugaliýaly hünärmen Ruben Amorimi toparyň baş tälimçisi wezipesine belländigini resmi taýdan yglan etdi. Şertnamanyň möhleti barada klub takyk maglumat bermedi....