Kýurasaonyň milli ýygyndysy DÇ-2026-a çykdy: bu ýaryşda iň kiçi we az ilatly ýurt

  • 19.11.2025 23:25
  • 7.2k+

Kýurasaonyň milli ýygyndysy öz taryhynda ilkinji gezek dünýä çempionatyna çykdy. Saýlama tapgyrynyň aýgytly oýnunda Dik Adwokatyň ýolbaşçylygyndaky topar Ýamaýka bilen deňme-deň oýnady – 0:0. Bu hem ada döwletine dünýä çempionatyna göni ýollama almaga mümkinçilik berdi.

Indi Kýurasao häzire çenli dünýä çempionatyna gatnaşan meýdany boýunça iň kiçi ýurt (444 km²) boldy. Aşgabatdan hem iki esseden gowrak kiçi bolan bu adada, takmynan, 156 müň adam ýaşaýar, bu hem ony dünýä çempionatynyň taryhynda iň az ilatly döwlete öwürýär. Öňki rekord 390 müň adamly Islandiýa degişlidi.
Toparyň taryhy üstünligi bellibir derejede ýaryşyň täze formaty bilen baglanyşdyrylýar (ilkinji gezek oňa 48 milli topar gatnaşýar). Ýöne niderlandly hünärmeniň goşandyna hem kembaha garamaly däl. Dik Adwokat Kýurasaonyň milli ýygyndysyna 2024-nji ýylyň ýanwaryndan bäri ýolbaşçylyk edýär. Mundan öň ol otuzýyllyk tälimçi karýerasynyň dowamynda Niderlandlaryň (Ýewro-2004-üň bürünç medaly), BAE-niň, Günorta Koreýanyň, Belgiýanyň, Russiýanyň, Serbiýanyň we Yragyň milli ýygyndylary, şeýle-de birnäçe klublar bilen işleşdi. Onuň üstünlikleriniň arasynda 2008-nji ýylda Sankt-Peterburgyň “Zeniti” bilen UEFA-nyň Kubogynda (häzir Ýewropa ligasy) we UEFA-nyň Superkubogynda ýeňiş bar.
Kýurasao 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň 42-nji gatnaşyjysy boldy. Indi pleý-off tapgyrynda ýene alty topar kesgitlener.
Şeýle-de, Kýurasao bilen bilelikde dünýä çempionatynda ilkinji gezek Iordaniýanyň, Özbegistanyň we Kabo-Werdeniň milli ýygyndylary oýnar.
Gaitiniň milli ýygyndysy ýaryşa 1974-nji ýyldan bäri – soňky gezek gatnaşanyndan 51 ýyldan soň ilkinji gezek çykdy.
Ýatlap geçsek, DÇ-2026 11-nji iýundan 19-njy iýul aralygynda geçer. 


düýn 17:01
6k+

Näme üçin DÇ-2026-da futbolçylar gülgüne butsyda oýnaýar

2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynda dürli ýygyndy toparlaryň oýunçylary meýdança köpçülikleýin ýagdaýda gülgüne butsylarda çykýar. Bu tötänlik ýa-da türgenleriň arasyndaky gizlin ylalaşyk bolman,......

düýn 14:17
6k+

Dünýä çempionaty – 2026: Meksika pleý-offda, Kanada Katary 6:0 hasabynda derbi-dagyn etdi

Futbol boýunça 2026-njy ýylda Meksikada, Kanadada we ABŞ-nda geçirilýän dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň ikinji tapgyry badalga aldy. Ýaryşyň eýeleri üçin çempionat örän üstünlikli dowam edýär....

18.06.2026 14:25
14k+

DÇ-2026-nyň 7-nji güni: Portugaliýanyň şowsuzlygy, Keýniň dubly we Özbegistanyň taryhy goly

Futbol boýunça Dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň birinji tapgyry tamamlandy. Tapgyr köp garaşylmadyk netijelere baý boldy. Muny geçen oýun güni hem tassyklady....

18.06.2026 09:54
1.7k+

«Milan» Ruben Amorimi baş tälimçi wezipesine belledi

Italiýanyň «Milan» futbol kluby portugaliýaly hünärmen Ruben Amorimi toparyň baş tälimçisi wezipesine belländigini resmi taýdan yglan etdi. Şertnamanyň möhleti barada klub takyk maglumat bermedi....