FIFA we Netflix DÇ-2026 üçin täze futbol oýnuny taýýarlaýar

  • 22.12.2025 12:04
  • 2.9k+

Halkara futbol federasiýasy (FIFA) Netflix striming platformasy bilen bilelikde 2026-njy ýylyň dünýä çempionatyna çenli täze futbol simulýatoryny işe girizmegi meýilleşdirýär. Bu barada FIFA-nyň prezidenti Janni Infantino habar berdi.

Oýny işläp düzmek bilen Kaliforniýanyň Delphi Interactive studiýasy meşgullanýar. Häzirki wagtda kompaniýa iri wideooýun studiýalaryny 72 mlrd dollara satyn almakda hem esasy dalaşgär hökmünde görülýär.
Täze oýun barada giňişleýin maglumat entek ýok. Ýöne onuň mobil gurluşlarynda onlaýn elýeterli boljakdygy we Netflix programmasy arkaly ýaýradyljakdygy belli.

«FIFA bilen Netflix-iň uly hyzmatdaşlygy – FIFA-nyň futbol oýunlary ugrunda innowasiýalara ýykgyn etmeginde möhüm pursatdyr. Biz dünýä boýunça dürli ýaşdaky milliardlarça futbol janköýerine ýetmegi maksat edinýäris» — diýip, Reuters Infantinonyň sözlerini getirýär.

Ozal FIFA-nyň ygtyýarnamasyny başga bir futbol simulýatory – Football Manager 26 aldy. Hyzmatdaşlygyň çäklerinde oýunda resmi atlar we brendler bilen ýaryşlar hödürlener. 


şu gün 17:01
2.1k+

Näme üçin DÇ-2026-da futbolçylar gülgüne butsyda oýnaýar

2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynda dürli ýygyndy toparlaryň oýunçylary meýdança köpçülikleýin ýagdaýda gülgüne butsylarda çykýar. Bu tötänlik ýa-da türgenleriň arasyndaky gizlin ylalaşyk bolman,......

şu gün 14:17
3.5k+

Dünýä çempionaty – 2026: Meksika pleý-offda, Kanada Katary 6:0 hasabynda derbi-dagyn etdi

Futbol boýunça 2026-njy ýylda Meksikada, Kanadada we ABŞ-nda geçirilýän dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň ikinji tapgyry badalga aldy. Ýaryşyň eýeleri üçin çempionat örän üstünlikli dowam edýär....

düýn 14:25
13k+

DÇ-2026-nyň 7-nji güni: Portugaliýanyň şowsuzlygy, Keýniň dubly we Özbegistanyň taryhy goly

Futbol boýunça Dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň birinji tapgyry tamamlandy. Tapgyr köp garaşylmadyk netijelere baý boldy. Muny geçen oýun güni hem tassyklady....

düýn 09:54
1.6k+

«Milan» Ruben Amorimi baş tälimçi wezipesine belledi

Italiýanyň «Milan» futbol kluby portugaliýaly hünärmen Ruben Amorimi toparyň baş tälimçisi wezipesine belländigini resmi taýdan yglan etdi. Şertnamanyň möhleti barada klub takyk maglumat bermedi....