DÇ-2026 üçin petek utuşyna ýarym milliard adam gatnaşar

  • 18.01.2026 16:02
  • 6.3k+

Janköýerler 2026-njy ýylyň dünýä çempionatyna petek satyn almak üçin Random Selection Draw tapgyrynyň çäklerinde 500 milliondan gowrak arza tabşyrdy. Arzalary kabul ediş möhleti 2025-nji ýylyň 11-nji dekabryndan 2026-njy ýylyň 13-nji ýanwaryna çenli dowam etdi. FIFA bu islegiň dünýä sportynyň taryhynda rekorddygyny belledi.

Guramanyň maglumatlaryna görä, her gün guramanyň 211 agza döwletiniň ählisinden, takmynan, 15 million arza gelip gowuşdy. Iň ýokary işjeňligi ABŞ-nyň, Meksikanyň, Kanadanyň, Germaniýanyň, Angliýanyň, Braziliýanyň, Ispaniýanyň, Portugaliýanyň, Argentinanyň we Kolumbiýanyň ýaşaýjylary görkezdi.
Häzirki tapgyrda iň köp isleg bildirilen oýun Maýamide geçiriljek Kolumbiýa bilen Portugaliýanyň milli ýygyndylarynyň arasyndaky oýun boldy. Ýokary gyzyklanmany Meksika bilen GAR-yň arasyndaky açylyş oýny (Mehikoda geçiriler), Meksika – Günorta Koreýa oýny (Gwadalahara), Torontodaky 1/16 final oýny we Nýu-Jersidäki final hem görkezdi.

«Bir aýdan gowrak wagtyň içinde petekler üçin ýarym milliard arza – bu köp zady aňladýar. Men FIFA-nyň adyndan dünýädäki ähli futbol janköýerlerine şeýle uly isleg üçin minnetdarlyk bildirmek we gutlamak isleýärin» – diýip, FIFA-nyň prezidenti Janni Infantino aýtdy.

Guramanyň ýolbaşçysy stadionlaryň sygymynyň çäklidigi sebäpli FIFA-nyň janköýerler üçin goşmaça oflaýn we onlaýn çäreleri taýýarlaýandygyny belledi.

«Biz stadionlarda her bir janköýeri kabul edip bilmeýändigimize gynanýarys» – diýip, Infantino sözüniň üstüne goşdy. 


şu gün 16:18
5.9k+

DÇ-2026-nyň iň ýokary zähmet hakyny alýan futbolçylary we tälimçileri

Futbol boýunça dünýä çempionaty Ýer ýüzüniň iň güýçli oýunçylaryny bir ýere jemleýär. ABŞ-da, Kanadada we Meksikada geçirilýän bu gezekki ýaryşa 48 sany milli ýygyndy geldi we olaryň her biri öz düzümine 26......

düýn 19:10
6k+

«Real» Mourinýunyň şertnamasyny «Benfikadan» 15 mln ýewro satyn aldy

«Benfika» kluby özüniň X sosial ulgamyndaky sahypasynda Madridiň «Realynyň» Lissabon klubunyň baş tälimçisi Žoze Mourinýu bilen şertnamany möhletinden ir ýatyrmak üçin 15 million ýewro töländigini mälim etdi.......

düýn 17:32
6.9k+

FIFA gazanmagyň usulyny tapdy: 79 dollara janköýerleriň atlary uly ekranda görkeziler

FIFA 2026-njy ýylda geçiriljek dünýä çempionatynda janköýerler üçin täze hyzmaty hödürledi: 79 dollar tölän janköýerleriň atlary toparçalaýyn tapgyryň oýunlary wagtynda stadionlaryň uly ekranlarynda görkeziler....

düýn 10:53
7.6k+

«Real» UEFA-dan «Barselonanyň» elinden 23 tituly almagy talap edýär

Madridiň «Realy» Ýewropanyň futbol assosiasiýalarynyň birleşigine (UEFA) ýüz tutup, «Barselonanyň» Ispaniýanyň eminler komitetiniň öňki wise-prezidenti Enrikes Negreýra pul tölän döwründe gazanan ähli......